Warikoza üçin tebigy bejergiler

Warikoza üçin tebigy bejergiler

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Warikoza üçin tebigy bejergiler hakynda maglumat bermekçi.

Warikoz, döwrümizde köp gabat gelýän we estetiki taýdan hem biynjalyklyk döredýän hassalyklardan biri.

Warikoza köp gabat gelinýän wenanyň giňelmegi sebäpli ýüze çykýan kesel.

Warikozada ösümlikler arkaly bejergi usullary:

Alma Sirkesi

Pagta matany alma sirkesine batyryp, warikozaly ýere daňyp, 30-35 minut garaşyň. Şol pursatda aýaklaryňzy bedeniňizden ýokary göterip, 10-15 minut durmak rahatlandyrar.

Bu tebigy bejergini 5 hepdäniň dowamynda günde 2 gezek etmek maslahat berilýär.

Ada çaý

Damarlarda emele gelen iriňlenmeleri azaldyp, sizi ynjaldar. İriňlenmeleriň ýaýramagynyň öňüni, alar.

At kaştany kremi

At kaştanynyň hem iriňi azaldyjy we peşewi sökdüriji özboluşlygy bardyr. Warikozaly damarlaryň emele gelmegine sebäp bolýan gan aýlanyş kadasyzlygy üçin bejergi hökmünde ulanylýar. Bu kremi warikozaly ýere owup, çalmak damarlaryňyzy sagaldyp, şol bir wagtda-da iriňleri we agyrylary azaldar. Warikozada ösümlik kremi hökmünde ýeke-täk at kaştany kremini maslahat berýäris.

Ehizaseýa

Çaý görnüşinde taýýarlanyp içmek maslahat berilýär.

Petruşkanyň suwy

Bir nahar çemçesi ter petruşkanyň suwuny bir käse gaýnan suwa goşuň we 15 minut garaşyň. Ergini süzüp, içiň. Ertirlerine aç garna we islege görä günortadan soň bir käse içmek maslahat berilýär.

Kyrkbogun çaýy

Bu çaý, damarlardaky gan aýlanyşyny çaltlandyrmak we aýratynam iriňlemäniň öňüni almak üçin inçe damarlary sagdynlaşdyrýar. Bir käse gyzgyn suwa bir çorba çemçesi kyrkbogun goşup, 10 minut garaşyň we içiň. Hepdede 3 gezek, günde 2 käse içmek maslahat berilýär.

Gamamelis

Tebigy gamamelis çaýy, çişi aýyrýan we gan aýlanyşyny kadalaşdyrýan özboluşlyga eýedir. Damarlary ýygjamlaşdyrýan täsiri inçe damarlaryňyzy güýçlendirer we ganyň aýlanyşyny ýeňilleşdirýän gapaklaryň funksiýasyny güýçlendirýär. Bir çaý çemçesi gamamelisi bir käse gaýnan suwa goşup, 10-15 minut demläň. 3 hepdäniň dowamynda günde 2 gezek içiň.

Holli

Bu ösümlik, damarlardaky çişi we dykylmany aýyrmak üçin peýdalydyr. Şol sanda gan damarlaryny güýçlendirmek we dykyzlaşdyrmak üçin hem peýdaly. Peýdalanmak üçin her gün azyndan 100 milligram sarp edilmeli.

Düzüminde flawonoid bolan azyklar

Flawonoidli azyklar sarp edilenden inçe damarlar güýçlenýär, daşyndaky dokumalaryň awusy azalar, şeýlelikde warikozanyň agyrlaşmagynyň öňüni alynar.

Miwelerden sitrus önümlerinde, gyzyl üzümde flawonoid elementi ýokarydyr.

Gyzyl kelem

Gyzyl kelemiň ýapraklaryny gaýnadyp, onuň suwuny sowadyk warikozaly aýaga çalynmaly.

Zenjebil

Zenjebil iriň aýyry hökmünde bilinýän ösümlikdir. Şol sebäpli zenjebiliň warikozaly damaryň üstüne çalynmagy, gan aýlanyşyny çaltlandyryp, agyrynyň azalmagyny üpjün edýär.

Sarymsak

Sarymsak iriň aýyryjy özboluşlygy bilen bilinýär. Sarymsak sarp etmegiň netijesi iňňän ýokarydyr. Üç diş owulan sarymsak bilen birnäçe damja limon warikozanyň reňkiniň açylmagyny üpjün edýär.

Rozmari

Rozmari gan aýlanyşyny çaltlandyryjy özboluşlyga eýedir. Şol sebäpli warikozanyň üstüne çalmak, agyrynyň azalmagynywe damar çişmesiniň aýrylmagyny üpjün edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler
Sankt-Peterburg Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar, Moskwa sirkiniň aristleri Türkmenistandaky çykyşlarynyň maksatnamasyny açdylar, telekeçiler üçin pensiýa gatançlaryny tölemegiň möhleti gelip ýetdi we beýleki habarlar
Energetikada Merkezi Ýurt: Türkiye
Böwrek Daşynyň Öňüni Almak
Türkmen telekeçileri Beýik Britaniýada geçirilýän azyk önümleriniň halkara sergisine çagyrylýar