Wenanyň kolbasa dükançalary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Wenanyň meşhur “Würstelstand” kolbasa dükançalary Awstriýanyň medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde resmi taýdan ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi. “Würstelstand” onlarça ýyl bäri ýerli ýaşaýjylaryň we jahankeşdeleriň ýygnanýan ýeri bolup durýar.

Dükançalar özüniň erkin, myhmansöýer we hoşniýetli hal-howasy bilen giňden tanalýar.Mundan başga-da, olar dürli jemgyýetçilik gatlaklaryna degişli şäherlileriň birleşmeginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.Bu dükançalaryň Awstro-Wengriýa imperiýasy döwrüne uzaýan taryhy bar. Ýerli ýaşaýjylar kolbasa dükançalaryny diňe bir garbanmak üçin ýer däl-de, şadyýanlygyň we medeniýetiň jemlenen ýeri hökmünde baha berýärler.

Ilkinji kolbasa dükançalary Birinji jahan urşy gutarandan soň gazanç etmegiň ýollaryny gözleýän öňki esgerler tarapyndan açylýar.Mysal üçin, şäheriň iň köne dükançasy “Würstelstand Leo” 1928-nji ýyldan bäri hyzmat edýär. 1969-njy ýylda degişli ygtyýarnama berlenden soňra şeýle dükançalaryň sany has-da artdy. -Biziň kolbasa dükançalarymyzyň ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy şäherimiziň däplerine, myhmansöýerligine we köpdürlüligine hormatyň alamatydyr diýip, şäher häkimi Mihael Lýudwig belledi. /* custom css */ .td_uid_15_6750467388ef8_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6750467388ef8_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Wena balyna gutlag
Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi
Wenanyň meri we gubernatory Wena balyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Baky saz ýaňlanar...