Wepa Jumaýew Gomeliň Lokomotiwiniň düzüminde Dinamo bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy

Wepa Jumaýew Gomeliň Lokomotiwiniň düzüminde Dinamo bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen hüjümçisi Wepa Jumaýew Gomel şäheriniň Lokomotiw futbol toparynyň düzüminde Minskiň Dinamosy bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy.

6-njy martda Minsk şäherindäki Dinamo-Ýuni stadionynda geçirilen duşuşykda Gomel şäheriniň topary 0:5 hasabynda ýeňildi.

Häzir Gomel döwlet tehniki uniwersitetinde okaýan 20 ýaşly hüjümçi hüjümçi ýurdumyzda Köpetdagyň düzüminde hem futbol oýnapdy. Onuň soňky topary Rogaçýow şäheriniň Dnepri boldy. Ol ozalky toparynyň düzüminde Belarusyň ikinji ligasynda 12 duşuşyga gatnaşyp, bir gezek tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

Wepa Jumaýew Energetik-BGU-nyň düzümine goşuldy
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk gezelençlerini döretmegi teklip edýär, Türkmenhowaýollary agentliginiň mekdebinde hünärmenleriň gutardyş dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
Wepa Jumaýew ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy
“Spartagyň” ozalky tälimçisi aradan çykdy
Gomeliň Lokomotiwi türkmenistanly ýarym goragçy Wepa Jumaýewiň şertnamasyny uzaltdy
Wepa Jumaýew Lokomotiwde Belarusyň birinji ligasyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi