Wepa Jumaýew Lokomotiwde Belarusyň birinji ligasyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi

Wepa Jumaýew Lokomotiwde Belarusyň birinji ligasyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi

Gomel şäheriniň Lokomotiwiniň türkmenistanly ýarym goragçysy Wepa Jumaýew Belarusyň Birinji ligasynyň 1-nji tapgyrynda geçirilen duşuşyga gatnaşdy. Täze möwsümiň badalgasynda Olimpiýa stadionynda Krumkaçy kabul eden Lokomotiw 0:1 hasabynda garşydaşyndan asgyn geldi.

Bu duşuşyk 20 ýaşly ýarym goragçynyň täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygy boldy. Mundan ozal ol ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesine gatnaşypdy.

Häzirki wagtda Gomel döwlet tehniki uniwersitetinde okaýan ildeşimiz Aşgabadyň Köpetdagynyň uçurymydyr. Ol geçen möwsümi Rogaçýow şäheriniň Dnepr futbol toparynda geçiripdi. Belarusyň ikinji ligasynyň wekili bilen 12 duşuşyga çykan türkmenistanly futbolçy olarda bir gezek tapawutlanyp bildi.

Ýene degişli makalalar

Wepa Jumaýew Energetik-BGU-nyň düzümine goşuldy
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk gezelençlerini döretmegi teklip edýär, Türkmenhowaýollary agentliginiň mekdebinde hünärmenleriň gutardyş dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
Wepa Jumaýew ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy
“Spartagyň” ozalky tälimçisi aradan çykdy
Gomeliň Lokomotiwi türkmenistanly ýarym goragçy Wepa Jumaýewiň şertnamasyny uzaltdy
Wepa Jumaýew Gomeliň Lokomotiwiniň düzüminde Dinamo bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy