“West Ham” ýeňlişsiz ýeňiji

UEFA-nyň 3-nji derejeli klub ýaryşy Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň çempiony belli boldy. Çehiýanyň paýtagty Pragadaky “Fortuna Arena” stadionynda oýnalan finalda Italiýanyň “Fiorentina” topary bilen Angliýanyň “West Ham” topary duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýna ispaniýaly Karlos del Serro Grande eminlik etdi. Duşuşyga 17 müň 363 janköýer tomaşa etmäge gatnaşdy.

Duşuşygyň 1-nji ýarymynda hasap açylmady.Duşuşygyň agramly böleginde oýnuň jylawyny elinde saklan “Fiorentina” toparyndan Ýowiçiň 1-nji ýarymyň ahyrynda geçiren goly ofsaýt sebäpli hasaba alynmady. 2-nji ýarymda-da dartgynlylyk dowam edip, 62-nji minutda hasap açyldy.

Emin VAR-yň görkezmesi boýunça topuň jerime meýdançanyň içinde Biraginiň eline degendigini anyklady.Bellenen 11 metrlik jerime urgusyny-da Said Benrahma dürs urup, West Ham toparyny 1-0 öňe saýlady. Ýöne başdanaýak garşydaşyna garanyňda azda-kände tapawutlanýan italýanlaryň jogaby gijikmedi. 66-njy minutda Jakomo Bonawentura owadan urgy bilen hasaby deňledi. Şondan soň italýan klubunyň oýunçylary ýene 1-2 amatly pursaty elden giderdi.

Oýnuň esasy wagty deňlikde gutarar diýlende-de garşylyklaýyn hüjümde iňlis kluby öňe saýlandy.Duşuşygyň 90-njy minutynda hüjümdäki “Fiorentina” topary goragda säwlik goýberdi.Lukas Paketanyň ajaýyp pasynda topy alan Jarrod Bowen oýna soňky nokady goýdy.

Eminiň goşan 8 minutynda “Fiorentina” bu gezek hasaby deňlemek başartmady.

Şunlukda, 2-1 hasabynda ýeňşini baýram eden “West Ham” topary 2-nji gezek geçirilýän Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň çempiony boldy.Bu olaryň UEFA-nyň ýaryşlaryndaky 2-nji uly kubogy bolup, olar mundan öň 1964/65 möwsümde şol wagtky UEFA Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynda ýeňiş gazanypdy. Şondan soň 1999-njy ýylda kiçeňräk bäsleşik bolan UEFA Intertoto Kubogyny-da gazanan “West Ham” 58 ýyldan soň UEFA-nyň esasy kuboklarynyň birini asmana göterdi.

Umumylykda bu olaryň 1980-nji ýyldaky FA Kubogyndan soň gazanan ilkinji uly kubogy boldy.Toparyň tälimçisi Dewid Moýes hem karýerasyndaky 2-nji kubogyny gazanyp, ol mundan 2013-nji ýylda Angliýanyň “Community Shield” kubogyny eýeläpdi.

“West Ham” topary Ýewropa Konferensiýa Ligasynda şu möwsümde 15 duşuşyk geçirdi. London şäheriniň wekili şolaryň 14-sinde ýeňiş gazanyp, diňe 1-inde deňme-deň oýnady. Başgaça aýdylanda, “West Ham” ýeňlişsiz çempion bolmagy başardy.

Milli çempionatda 14-nji orny eýelän “West Ham” topary täze möwsümde Ýewropa Ligasyna wekilçilik eder. Toparyna ýeňiş goluny geçiren Jarrod Bowen duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.

UEFA-nyň ýaryşlarynda diňe 1 gezek (UEFA Kubokçylaryň Kubogy, 1961), ýeňiş gazanan “Fiorentina” topary-da 4-nji gezek finalda asgyn geldi. Florensiýalylar mundan ozal, 1957-nji ýylda Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy ýaryşynyň (Çempionlar Ligasy) finalynda “Real Madridden”, 1962-nji ýylda Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Atletikodan”, 1991-nji ýylda-da UEFA Kubogynda “Ýuwentusdan” utulypdy.

Şu möwsümde 3 kluby finala çykan italýanlaryň eýýäm 2-nji topary-da ýeňlişe sezewar boldy. Bu duşuşykdan laýyk 1 hepde öň “Sewilýadan” asgyn gelen “Romadan” soň “Fiorentina” hem “West Hamdan” ýeňildi. Indi italýanlaryň öňünde belki-de şu finalyň arasyndaky ýeňiş gazanmasgy iň kyny bolan Çempionlar Ligasynyň finaly galdy.

“FIORENTINA”: Pietor Terreççiano; Dodo, Nikola Milenkowiç, Luka Ranieri (Igor 84), Kristiano Biragi (k),; Sofýan Amrabat, Rolando Mandragora (Anton Barak 90+3), Jakomo Bonawentura; Nikolas Gonzales, Kristian Kuame (Rikkardo Saponaro 61), Luka Ýowiç (Artur Kabral 46); Tälimçi: Winçenzo Italiano

“WEST HAM”: Alfonse Areola; Wladimir Kufal, Kurt Zuma (Tilo Kerer 61), Naýef Agerd, Emerson Palmieri; Deklan Raýs (k), Tomas Suçek, Lukas Paketa; Jarrod Bowen, Said Benrahma (Pablo Fornals 76), Mikail Antonio (Angelo Ogbonna 90+4); Tälimçi Dewid Moýes

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
63 milliona ýewro alnan futbolçy mugt gitdi
Serbiýanyň ýygyndysy
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Britan kompaniýasy £1 mln-a Türkmenistanyň at çapyşyk ýodalaryna täze örtük ýazar
“Mançester Ýunaýted” hem-de “Arsenal” üçin ýaryş tamamlandy