Wiktoriýa Nuland Türkiye Respublikasynda saparda bolýar

Wiktoriýa Nuland Türkiye Respublikasynda saparda bolýar

Türkiye Respublikasynyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Wiktoriýa Nuland Türkiye Respublikasyna guran saparynyň çäginde Daşary işler ministrliginde Türkiye Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sedat Önal bilen duşuşyk geçirdi.

Wiktoriýa Nulandy şeýle hem Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gysga wagtlyk kabul etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berilen ýazmaça beýanatda, Döwlet sekretarlygynyň Syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Wiktoriýa Nulandyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem güýçlendirmek, Ukraina goldaw bermek we Russiýanyň öjükdirme bolmadan 24-nji fewralda başladan söweşe berilýän reaksiýany koordinasiýa etmek maksady bilen 2-9-nji aprel aralygynda Fransiýa, Türkiye, Gresiýa, Kipriň Grek bölegi we Germaniýa ýaly döwletlere sapar gurajakdygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi