“Windows 10” 2025-nji ýyla çenli ulanylar

“Microsoft” korporasiýasy bir ýyl mundan ozal köpçülige elýeterli bolan täze amaly ulgamy “Windows 11 (22H2)”-iň ilkinji iň uly täzelenmesini çykardy. Şunuň bilen birlikde, korporasiýa “Windows 10”-y 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli goldajakdygyny habar berdi.

Biz ozalky ýaly “Windows 10”-a ygrarly, şonuň üçin “Windows 10”-a 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli hyzmat etmegimizi dowam etdireris diýip, “Microsoft”-yň programma önümlerini dolandyryş bölümçesiniň ýolbaşçysy Jon Keýbl aýtdy.

Bu ulanyjylaryň “Microsoft”-yň programma platformasynyň täze wersiýasyna geçmäge howlukman bilýändiklerini aňladýar. “Windows 11”-iň kämilleşip, täze funksiýalara eýe bolýandygyna garamazdan, “Windows 10” gowy alternatiwa bolmagynda galýar. Şeýle-de, “Microsoft” “Windows 11”-e mugt täzelenmäniň möhletini heniz mälim etmedi. Şundan ugur alsak, “Windows 11”-i mugt ulanmaga ýene birnäçe wagtyň dowamynda geçmek bolar.

Belläp geçsek, “Microsoft”-yň “Windows 10”-y 2025-nji ýyla çenli goldamakçydygy baradaky habary garaşylmadyk bir zat däl, sebäbi ol bu barada geçen ýyl hem mälim edipdi. Şonda “Windows 10”-a goldawyň 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda tamamlanjakdygy habar berildi.

Korporasiýanyň ulanyjylary “Windows 11”-e geçmäge çagyrýandygyna garamazdan, bu meselede howlukmagyň zerurlygy ýokdur.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi
“Microsoft” Gazagystanda köp sebitli merkez açar
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal
ABŞ-da mekdepde guralan hüjümde 4 adam ýogaldy
Ministr Bolat: "ABŞ bilen söwda gatnaşyklary özgerýär" diýdi
Bütin dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan tutluşygy
Turkish Airlines dokuzynjy gezek Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip ykrar edildi