Wirtual penjireli uçarlar

BAE-niň “Emirates” awiakompaniýasy golaýda satyn alan illýuminatorsyz “Boeing 777-300ER” uçarynyň salonyny görkezdi.Onuň salonynda penjireleriň ýerine berkidilen ekranlardan daşky giňişlige tomaşa edip bolýar. Ýolagçylar bu wirtual penjireler arkaly gök asmana we Zemine nazar aýlap bilerler. “Emirates” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Klark şekilleriň adaty gözler bilen garanyňdakydan has aýdyň we ýokary hillidigini aýdýar.

Kompaniýa geljekde hiç hili illýuminatory bolmadyk şunuň ýaly uçarlary ulanmagy meýilleşdirýär. Göz öňüne getirip görüň, siz uçara münýärsiňiz.Daşyndan seredeniňde, bir penjiresem ýok.Emma içine gireniňizde illýuminatorlara gözüňiz düşýär diýip, Tim Klark munuň örän täsindigini ýylgyrmak bilen beýan edýär. Şeýle hem ol munuň uçarlaryň gurluşyny ýeňilleşdirmäge hem mümkinçilik berýändigini we penjiresiz uçaryň gurluşynda kem ýeriniň ýokdugyny belleýär.

Netijede, uçaryň gabarasy ýeňil bolýar, tiz uçýar we az ýangyç sarp edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy Londonadaky gonuş menzilini üýtgedýär
Halkara sergide täze uçarlar sargyt edildi
Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary BAE-niň goranmak ministri bilen duşuşdy
Abu-Dabide Türkmenistanyň we BAE-niň DIM-leriniň glepleşikleri geçirildi
14.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Abu-Dabi şäherine geldi
Türkmenistanyň goranmak ministri Abu-Dabide ýerli kärdeşi bilen duşuşdy