Wise-premýer Amannepesow Türkiýäniň bilim ministri bilen duşuşdy

Wise-premýer Amannepesow Türkiýäniň bilim ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäginde Türkiýäniň Milli bilim ministri Selile Eren Okten bilen duşuşdy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda taraplar iki halkyň arasyndaky ýakyn gatnaşygy alamatlandyrýan Aşgabatdaky bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň işini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýede okamagyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler.

Türkmen Wise-premýeri hem öz gezeginde myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi we wekiliýetiň agzalarynyň doganlyk ýurda gelendiklerine örän şatdygyny aýtdy. Umumy taryha we medeniýete esaslanýan doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklar has uly ösüşe ýeter diýip, Wise-premýer belledi.

Amannepesow şeýle hem türk biliminiň ýokary hiline ünsi çekip, ýurtlaryň arasynda bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem ol Türkiýede bilim alan uçurymlara we eýýäm işläp ýören hünärmenlere ýokary baha berdi.

Açyk çeşmelerden alnan maglumatlara görä, Türkmenistandan, takmynan, 12 müň talyp Türkiýede bilim alýar diýip, çeşme habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylar
Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy, Aşgabatda türkmen-azerbaýjan işewürlik maslahaty geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanyň ýygyndy toparlary Fransiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar
22-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal