Wladimir Putin resmi sapar bilen Gyrgyzystana bardy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna bardy. Bu barada gyrgyz metbugaty habar berýär.

Ýurduň paýtagty Bişkek şäherindäki “Manas” halkara howa menzilinde Wladimir Putini Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow garşylady.

Russiýanyň Prezidenti bu resmi saparynyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen gepleşikler geçirer. Şeýle hem Wladimir Putin Bişkek şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşi ertir ýagny 13-nji oktýabrda geçiriler.

Sammitiň çäklerinde Özbegistanyň Samarkant şäheriniň 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gyrgyz Respublikasynyň Baýdagyna Üýtgetme Girizildi
Gyrgyzystanda Halk gurultaýy dowam edýär
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Gyrgyzystanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar
Telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK