Wladimir Putin Rusýadaky migrantlary çykarmak baradaky moratoriýany 30-njy sentiýabra çenli uzaltdy

Wladimir Putin Rusýadaky migrantlary çykarmak baradaky moratoriýany 30-njy sentiýabra çenli uzaltdy

Rusýa wagtlaýyn gelen we raýatlygy bolmadyk, muňa kanuny esasy bolmadyk daşary ýurtlylaryň möhleti 30-njy sentiýabra çenli uzaldyldy. Bu baradaky karara prezident Putin 15-nji iýunda gol çekdi.

Rusýadaky çet ýurtlylar 30-njy sentiýabra çenli IIM-ne kanuny ýagdaýy barada ýüz tutup bilýär ýa-da ýurtdan çykmaly diýip, “Fergana” ýazýar.

Bu karar türme tussaglygyndan boşanlara, Rusýanyň döwlet serhedinde kanun bozanlara, şeýlede terrory goldaýanlara, rugsat edilmedik mitinglere gatnaşanlara we ýurdyň howpsuzlygyna wehim salýanlara degişli däl.

Şol karara laýyklykda, şu ýylyň 16-njy iýunyndan 31-nji dekabryna çenli Russiýa kanun boýunça girenler, wiza talap edilmeýän daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyklar patentini täzelemek üçin ýüz tutup bilýärler. Olardan muny taýýarlamak üçin wagtynda resminamalar tabşyrmak we OF saparynyň maksady barada arza talap edilmeýär.

Bu karar 16-njy iýundan güýje girýär.

Ýatlatsak, 16-njy aprelde GDA agza ýurtlaryň hökümetara assambleýasynyň maslahatynda Russiýanyň IIM-niň orunbasary Aleksandr Gorowoý, “wagtlaýyn ýörite tussaghanalardaky raýatlaryny yzyna alyp gitmek üçin Türkmenistanyň haýsyda bir ädimini görmeýändigini” aýdypdy.

Diňe 30-njy maýda Moskwadan Türkmenabada ýörite uçar gatnawy bilen Rusýada türme tussaglygyny ýerine ýetirýän tussaglar ýa-da wagtlaýyn deportasiýa merkezlerinde saklanýan türkmen raýatlary watana getirilipdi.

Maý aýynyň ortalarynda bolsa,Sankt-Peterburgyň adam hukuklary boýunça ýörite wekiliniň, ombudsmanynyň deportasiýa garaşýan raýatlaryny alyp gitmek barada eden haýyşlaryny türkmen tarapynyň biregne, bir ýyllap äsgermezlik edýändigi habar berildi.The post Wladimir Putin Rusýadaky migrantlary çykarmak baradaky moratoriýany 30-njy sentiýabra çenli uzaltdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

MA ýurtlarynyň üçüsiniň prezidentleri Zelenskini Ukrainanyň Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady
THÝ Ürgenç we Fergana Şäherlerine Uçar Saparlaryny Gurar
THÝ, Özbegistanyň Ürgenç we Fergana Şäherlerine Uçar Saparlaryna Başalaýar
Hytaýyň dolandyrylmaýan raketasynyň Türkmenistana gaçmak ähtimallygy çaklanýar
Türkiýä Täze Uçuş Ugurlaryny Açmaga Dowam Edýär
Mewlüt Çawuşoglu Özbegistanda Saparda Boldy