Wodorod bilen işleýär

Alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtoulaglaryň sany barha köpelýär.Günorta Koreýanyň “Hyundai” kompaniýasynyň “Nexo” modeli elektrik energiýasy hem-de wodorod ýangyjy bilen işleýär.Uzynlygy 4670 mm, ini 1860 mm, beýikligi 1640 mm bolan SUV ulagynyň agramy 1948 kilograma barabar.

Içki göwrümi 461 litre barabar bolan ulagyň oturgyçlary ýatyrylanynda, ol 1466 litre çenli giňeýär.Batareýalary wodorod we elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyň kuwwaty 161 at güýjüne barabar.Iň ýokary tizligi 179-km/s bolan ulagyň 0-100 km/s tizlige ýetmegi üçin 9,2 sekunt gerek.

Ulag bir gezekki zarýady we doldurylmagy bilen 756 kilometr ýol geçýär. “Nexo” 100 kilometre 0,84 kg ýangyç sarp edýär.Ulag işlän mahaly howa diňe bug goýberýär. Ýagny, daşky gurşawa hiç hili zyýany ýok.

Wodorod ýangyjy o diýen gymmat bolman, häzirki wagtda guýujy beketleriň azlyk etmegi wodorod ýangyçly ulaglaryň ýaýbaňlanmagyndaky iň esasy mesele bolup durýar.Ulaga 156,6 litrlik wodorod guýup bolýar. “Nexo”-nyň ýyladylýan oturgyçlary, 12,3 dýuýmlyk sensorly multimedia ekrany, 7 dýuýmlyk sanlaýyn görkeziji panel, “Krell” ses ulgamy, öňünden çykan zady duýduryjy we duruzyjy ulgam, uzakdan park ediji ulgam we ygtybarlylygyny üpjün ediji beýleki birnäçe aýratynlyklar bar.

Ulag Ýewropada 69 müň ýewrodan satuwa çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

Elektrik energiýasy bilen işleýän ýahta
Toyota elektrikli Toyota Land Cruiser-i tapgyrlaýyn öndürip biler
Ähli modelleri “howpsuzlyk baýragy” alan brend
Dünýäde ýylyň awtoulagy saýlandy
Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady
“Mitsubishi” elektroulag öndürer
Toyota täze elektrikli krossowerini görkezdi