Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti geljekki 2026 2027-nji okuw ýylynda ýokar okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ähli dalaşgärler üçin Açyk gapylar gününiň geçiriljekdigini yglan etdi.
Geljekki dalaşgärler bilen duşuşyklar Aşgabat şäherindäki uniwersitetde hem-de ýokary okuw mekdebiň Balkanabat şäherinde ýerleşýän şahamçasynda 22-nji aprelde we 6-njy maýda 15:00-da geçiriler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti orta we orta hünär okuw mekdepleriň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby gullukçylary, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary hem-de instituta okuwa girmäge gyzyklanma bildirýänleriň ählisini Açyk gapylar gününe çagyrýar.
Uniwersitetiň wekilleri myhmanlary sapaklaryň geçirilişi, bilim-terbiýe we köpçülikleýin medeni çäreleri, sport sapaklarynyň guralyşy bilen tanyş ederler.Dalaşgärlere ýokary okuw mekdepde ylym we bilimiň ösmegi, taýýarlygyň we hünär ugurlary bilen, şeýle-de gowy bilim almak we rahat ýaşaýyş üçin döredilýän şertler we alnyp barylýan işler barada maglumat berler.
Myhmanlar okuw otaglary, maglumat-tehnologik merkezleri, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen we dünýä ülňülerine gabat gelýän amaly dersleriň geçirilýän barlaghanalar bilen tanyş ediler.Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 8-nji jaýy.
Goşmaça soraglar üçin telefon belgileri 39-13-05, 39-13-18. Şeýle-de dalaşgärler üçin gerekli ähli maglumatlary uniwersitetiň saýtyndan tapyp bilersiňiz.
