Ýakynda türkmen kinorežissýorlarynyň täze filmleri tomaşaçylara hödürlener

Ýakynda türkmen kinorežissýorlarynyň täze filmleri tomaşaçylara hödürlener

Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi ýakynda täze filmleriň ikisini tomaşaçylara hödürlär. Olaryň birinjisi Çapar, ikinjisi Owaz diýlip atlandyrylýar.

Wepa Işangulyýewiň režissýorlyk eden Çapar atly täze filmi türkmen topragynda XVIII asyrda bolup geçen wakalardan gürrüň berýär. Filmiň baş gahrymany ykbalyň emri boilen şol döwrüň türkmen hökümdarlarynyň biri bilen tanyşýar. Oňa möhüm bir habary uzak illere ýetirmek ynanylýar... Filmiň döredijilik topary onuň ulular üçin hem, çagalar üçin gyzykly boljakdygyna ynam bildirýärler.

Ýeri gelende aýtsak, Wepa Işangulyýew ozal hem dürli ýyllarda tomaşaçylara ýetirilen Nejep oglan, Gül açan miras ýaly täsirli filmleriň režissýorydyr.

Ýakynda hödürlenjek ikinji bir filme bolsa Läle Esenowa režissýorlyk edýär. Owaz diýlip atlandyrylýan bu filmde Owaz atly perzentlige alnan bir gyzyň täze maşgalasyndaky durmuşy barada gürrüň berilýär. Filmdäki gülküli wakalar onuň bezegine öwrülipdir.

Şeýle hem birleşigiň režissýorlary ýylyň ahyryna çeni ýene birnäçe filmiň surata düşüriliş işlerini tamamlamagy meýilleşdirýärler. Olaryň arasynda Batyr Batyrowyň Hajygolak, Annadurdyý Täşliýewiň Söýgii mukamy, Isgender Annamuhammedowyň Ýoly ýörän ýeňer ýaly filmleri bar. Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde bolsa tomaşaçylara Arslan Eýeberdiýewiň Syrly sowgat atly filmi hödürlener.

Häzirki wagtda birleşikde täze filmleriň 20-ä golaýy surata düşürilýär. Olaryň arasynda çeper, dokumental filmler we multfilmler bar.

Ýene degişli makalalar

Medeniýet hepdeliginde täze türkmen kinolary görkeziler
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmen filmleri TÜRKSOÝ-yň kinofestiwalynda görkeziler
TÜRKSOÝ-yň kinofestiwalynda türkmen filmleri görkezilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda