Ýan kompýuter üçin 4K kamera

Soňky ýyllarda uzak aralykdan geçirilýän okuwlaryň, maslahatlaryň, sergileriň we beýleki çäreleriň sany barha artdy. Şeýle bolansoň, muňa degişli tehnologiýalar hem kämilleşdir. Ýankompýuterleriň özüne oturdylan ýa-da el telefonlarynyň kameralary wideojaňlary etmekde giňden ulanylýar.

Emma bu enjamlaryň sensorlary ýeterlik derejede dury şekili geçirip bilmeýär.Täze tanyşdyrylan “Omnivison OV08X” atly täze sensor ýankompýuterlerde 4K 30fps wideo geçirmäge mümkinçilik berýär.Häzirki wagtda ýankompýuterlerde iň ýokary “Full HD” ýa-da HD kameralar ulanylýar. “Omnivison OV08X CMOS” sensory bolsa, 9,2MP durulygynda bolup, “1/5.7” dýuým formatda 4K 30fps durulygyny goldaýar.

Aýgül Ýagmyrowa,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Russiýa täze parlamentara şertnamalaryna gol çekerler, 2-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berler, 28 30-njy iýun aralygynda Milli Gurban baýramy belleniler we beýleki habarlar
Samsung kompaniýasy Galaxy Quantum 3 smartfonyny çykarýar
Xiaomi Redmi 10 smartfonuny resmi taýdan hödürledi
Xiaomi kompaniýasy Redmi 10 2022 arzan smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar
Mate X sentýabrda taýýar bolar
Bir günde 50 müň satyş