Ýangyna çydamly

ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň hem-de Şweýsariýanyň Empa institutynyň hünärmenleri agaç önümleriniň ýangyna çydamly bolmagyny üpjün edýän ergini oýlap tapdylar. Şweýsariýanyň “Bruag Fire Protection” şereketiniň hünärmenleriniň goldaw bermeginde taýýarlanan reňksiz erginiň saglyga hiç hili zyýanynyň ýokdugy bellenilýär.

AFA (Anti Flame Additive Alawa garşy goşundy) atly madda örän täsirli bolup, ony reňk serişdesine goşmak arkaly hem ulanyp bolýar.Onuň sellýulozany tutaşmakdan goraýandygy we degişli resminamalar taýýar edilenden soňra söwda maksatly öndüriljekdigi hem-de satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
“Troýa” filminiň režissýory aradan çykdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Haýsysy iň gowy serial bolar?!
“Altyn palmany” alan ilkinji koreý filmi
Ekspert: Rohde & Schwarzyň gurallary Türkmenistanda Interneti yzarlamaga mümkinçilik döredýär