Ýapon alymlary towuk diliniň terjimeçisini döretdiler

Ýapon alymlary towuk diliniň terjimeçisini döretdiler

Ýapon alymlary emeli aň esasynda towuk diliniň terjimeçisini döretdiler diýip, Business Insider neşirine salgylanýan Report.az habar berdi.

Professor Adrian Dewid Çeok munuň üçin çuň emosional seljerme tehnologiýasyndan peýdalandy. Ol guşlaryň emosiýalaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Alymlar tarapyndan 80 towuk we horaz synagdan geçirildi. Indi guşlaryň dili esasynda olaryň kesgitli wagtda haýran galmany, ruhy sarsgyny, gorkyny başdan geçirýändiklerini, açdygyny ýa dokdugyny anyklap bolýar.

Öň alym Adrian Dewid Çeok smartfonyň üsti bilen posany uzak aralyga geçirmäge synanyşypdy.

Ýene degişli makalalar

Meşhur filmiň 2-njisi 18 ýyldan soň surata düşüriler
Ýewropa nusgawy aýdym-sazlary, rus ýarmarkasy we türkmen dessany sazlaşykly ýaňlandy
26-njy oktýabr
Bütindünýä ykdysady forumy Singapurda geçiriler
Mario Balotelli Berluskoniniň täze topary bilen şertnama baglaşdy
WEF-iň maslahaty Singapurda guralar