WEF-iň maslahaty Singapurda guralar

Her ýyl Şweýsariýada guralýan Bütindünýä ykdysady forumy (WEF) indiki ýyl ilkinji gezek Singapurda geçiriler. Bu barada WEF-iň ýerine ýetiriji direktory Adrian Monk:

Bütindünýä ykdysady forumy her ýylda guraýan ýörite maslahatyny 2021-nji ýylyň 13-16-njy maý aralygynda Singapurda geçirer.Maslahatyň geçirilýän ýerini üýtgetmek baradaky karar dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglanyşykly kabul edildi.

Duşuşygy geçirmek üçin Singapur iň amatly ýer diýlip karara gelindi diýip, belledi.WEF-iň Singapurda gurajak maslahatynyň global dikeldişe bagyşlanan ilkinji syýasy çäredigini bellän Adrian Monk, bu forumyň dünýäniň iň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp düzmekde aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny tassyklady.

Singapur sammiti dikeldiş işlerini nähili tertipde alyp barmalydygymyzy maslahatlaşmak üçin möhüm esas bolup hyzmat eder.Maslahatyň dowamynda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar başlaly bäri işewürler, hökümet we raýat jemgyýetleriniň ýolbaşçylary ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşarlar diýip, WEF-iň başlygy we esaslandyryjysy Klaus Şwab aýtdy. Şeýle hem ol bu maslahatyň 2022-nji ýylda ýene-de Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçiriljekdigini habar berdi.

WEF mundan ozal däp bolup gelýän Dawos hepdeligini 2021-nji ýylyň 25-29-njy ýanwar aralygynda onlaýn tertipde geçirmegi meýilleşdiripdi. Çäräni guraýjylar bu maslahatda, esasan, özara ynamy dikeltmek, 2021-nji ýyl üçin zerur ýörelgeleri, syýasatlary we hyzmatdaşlygy işläp düzmek ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny habar beripdi.

The post WEF-iň maslahaty Singapurda guralar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

ÇAGALAR GURJAK TEATRY WE KITAP OKAMAGYŇ ÄHMIÝETI
YSRAÝYLLY BIKANUN ÝAŞAÝJYLAR PALESTINLILERE HÜJÜM ETDI, ÖÝLERI WE ULAGLARY ODA BERDI
SIL SEBÄPLI GAZADAKY BOSGUN ÇADYRLARY WE GÖÇME HASSAHANALAR SUWYŇ AŞAGYNDA GALDY
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY M.MIŞUSTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI S.BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA ORAZA BAÝRAMY WE NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI ÝOLLAN GUTLAG HATY
TURKMENTRAVEL - 2026 ATLY HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISI WE MASLAHATY GEÇIRILER
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI SANKT-PETERBURG ŞÄHERINDE GEÇIRILÝÄN HALKARA ULAG-LOGISTIKA FORUMYNA GATNAŞÝAR
DÖWLET KITAPHANASYNYŇ TARYHY WE ONUŇ BÖLÜMLERI BILEN TANYŞDYRMAK