Ýaponiýada Fuji dagyna çykmaga rugsat berildi

Ýaponiýada Fuji dagyna çykmaga rugsat berildi

Ýaponiýanyň merkezindäki Ýamanaşi sebitiniň ýolbaşçylary iki ýyldan soň ilkinji gezek mukaddes Fuji dagyna çykmak möwsümini açdylar.

Koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ýerli dag külbeleriniň eýelerine ähli öňüni alyş çärelerini berjaý etmek, myhmanlaryň temperaturasyny ölçemek tabşyrylýar.

Mundan başga-da, syýahatçylaryň saglyk ýagdaýy daga barýan ýoluň başynda barlanar. Regnum.ru gullugynyň habaryna görä, ýurduň nyşany bolan mukaddes Fuji dagyna çykmagyň möwsümi sentýabryň ortalaryna çenli açyk bolar.

Fuji beýikligi 3776 metre deň bolan wulkandyr. Ol soňky gezek 1708-nji ýylda atlypdyr. Bu ýer Ýaponiýanyň iň meşhur syýahatçylyk ýerleriniň biri. 2013-nji ýylda Fuji UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Ýene degişli makalalar

Koronawirus ýokanjy pandemiýa derejesini ýitirer
Norwegiýanyň Şasy Ýokanç Sebäpli Hassahana Alynyp Gidildi
Koronawirus Hytaýda Täsirini Dowam Etdirýär
2023-nji ýylda Merkezi Aziýada yzarlanmaly bäş hekaýa
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim-Gidimli Howa Menzili
ÝB-ne Agza Ýurtlar Bilen Şengen Ýurtlary Koronawirus Sebäpli Hytaýa Çäklendirme Girizerler
Prezident Erdoganyň nol zyňyndy bilen bagly ýüzlenmesi