Ýaponiýada gürleşmek we saz diňlemek gadagan edilýän kafe açyldy

Ýaponiýada gürleşmek we saz diňlemek gadagan edilýän kafe açyldy

Ýaponiýada müşderilere gürleşmek we saz diňlemek gadagan edilýän kafe açyldy diýip, Sora News neşirine salgylanýan Mail.ru ýazýar.

Ýagny ýurduň Osaka şäherinde açylan garbanyşhanada birbada 16 müşderi naharlanyp bilýär. Onda esasy talap, müşderiler bir-biri bilen gürleşmeli we aýdym-saz diňlemeli däldir.

Garbanyşhananyň eýeleri munuň adamlaryň öz pikirlerine we daşky seslere ünsüni jemlemegi üçin edilýändigini aýdýarlar.

Galyberse-de, kafeniň işgärleriniň köpüsiniň eşidişi pes bolup, ähli sargytlary ýörite elektron görnüşde edip bolýar, şeýle-de kagyza iýip-içmek isleýän naharlaryň atlaryny ýazmaly ýa-da üm bilen düşündirmelidir. Aşhananyň işgärleri bilen üm arkaly düşünişmek üçin bu ýerde ýörite tölegli okuw hem bar.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýada pingwinlere mekdep torbalary paýlandy
Sues kanaly 165 ýaşady
Diananyň jemperi 1,1 million dollara satyldy
Portugaliýada köçeden çakyr derýa bolup akdy
Türkmenistan awiakompaniýasy Moskwadan ähli uçuşlary Kazanyň howa menziline gönükdirdi, Aşgabadyň Puşkin adyndaky teatrynda täze teatr möwsümi başlanýar, Şawat Daşoguz serhedinde Syýahatçylyk-maglumat merkezi açyldy we beýleki habarlar
Dünýäde iň uzak ýaşly adam aradan çykdy