Ýaponiýada pingwinlere mekdep torbalary paýlandy

Ýaponiýada pingwinlere mekdep torbalary paýlandy

Aprel aýynyň gelmegi bilen, ýaponiýaly çagalar üçin mekdeplerde sapaklar başlanýar.

Çagalary mekdebe gitmäge höweslendirmek maksady bilen, Ýaponiýanyň Masue şäherinde Guşlar seýilgähinde ýaşaýan pingwinlere mekdep torbalary berildi. Olar täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen baglylykda, elde keçeden edilen ýeňiljek torbalary göterip, şäheriň köçelerinde ýöreýärler. Ýerli ýaşaýjylar kiçijik okuwçylary günde iki gezek synlap bilýärler. Olar köçelerde 14-nji aprele çenli gezelenç ederler.

Bu barada Mail.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýada gürleşmek we saz diňlemek gadagan edilýän kafe açyldy
Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Fransiýada okuwçylaryň ene-atalary goýunlary synpa ýazdylar
Ozon gatlagynyň goragynda
Hakan Fidan, Ysraýyl-Palestina Dartgynlygy Barada Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ilon Maskyň kakasy oglunyň terjimehalynyň galpdygyny aýtdy