Ýaponiýadaky güýçli ýer yranmasy kenary süýşürdi

Ýaponiýadaky güýçli ýer yranmasy kenary süýşürdi

Ýaponiýada bolan güýçli ýer sarsgynlary netijesinde ýurduň käbir ýerlerinde kenar çyzyklary 250 metr suwa tarap süýşdi diýip, Regnum.ru habar berdi.

Aýratyn hem Noto ýarymadasy ejir çekdi, hemra arkaly suratlarda tebigy hadysanyň deňziň düýbüni açyp, suwy kenardan aňryk zyňandygy görünýär. Indi balykçylara gaýyklaryny goýmaga ýer ýok, sebäbi olaryň duralgalary suwdan uzakda galdy.

Häzirki bilermenler kenaryň deňze tarap süýşmeginiň ekologiýa täsirini kesgitlemekçi bolýarlar.

Öň, 1-nji ýanwarda Ýaponiýanyň Isikawa prefekturasyndaky Noto ýarymadasynda güýçli ýer titremeleriň bolandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artdy
Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 215 Adama Ýetdi
2023-nji ýylda Türk döwletlerinde başdan geçirlen möhüm wakalar
Ýaponiýadaky ýer titremede ýogalan we ýaralanan adamlaryň sany artdy
Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşdy
Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 238 Adama Ýetdi