Ýaponiýaly gubernator pişigini ýitirenden soňra özüni ýalňyz duýýar

Ýaponiýaly gubernator pişigini ýitirenden soňra özüni ýalňyz duýýar

Ýaponiýanyň Akita prefekturasynyň gubernatory Norihisa Satake Mir atly pişigi öleni bäri özüni diýseň ýalňyz duýýar. Pişigi oňa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin sowgat beripdir. Ol bu barada metbugat ýygnagynda gürrüň berdi diýip, rg.ru ýazýar.

Öýümiz göýä diýersiň, boşluk. Mir adatça meni irden oýarardy...Biz maşgalamyz bolup, özümizi ýalňyz duýýarys diýip, gubernator aýtdy. Satake pişigi ölenden soňra özüne medet beriji sözleri ýollan adamlara minnetdarlyk bildirdi.

2012-nji ýylyň tomsunda gubernator 2011-nji ýyldaky güýçli ýer yranmasynyň netijelerini aradan aýyrmaga beren kömegi üçin Russiýanyň Prezidenti Putine akita-inu ýapon tohumyndan bolan güjügi sowgat berdi.Oňa jogap hökmünde rus lideri pişikleri diýseň eý görýän Satake sibir pişigini sowgat berdi.

Oňa Mir diýip at dakdylar.Her ýylyň 22-nji fewralynda Pişikler gününiň öňýanynda prefekturanyň saýtynda Miriň ýaşaýşy barada wideorolik ýerleşdirilýärdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
Rus serkerdäniň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň jogapkärdigi güman edilýän adam tussag edildi
Tramp sözünde durup, Putini 'aňyna aýlap bilse' parahatçylyk gelerdi türkmenistanly harby synçy
Baýden Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Tramp-Putin duşuşygy üçin taýýarlyklaryň görülýändigi mälim edildi
Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri