Ýaponiýaly hüjümçi “Premier Liga” transfer boldy

Ýaponiýaly hüjümçi “Premier Liga” transfer boldy

Ýaponiýaly belli hüjümçi, çep gyraky winger Daizen Maeda karýerasyny britan adasynyň beýleki bir ýurdunda dowam eder.Ol Şotlandiýanyň “Seltik” toparyndan 1 ýyldan soň ýene-de “Premier Liga” dolanan “Ipswiç Tawn” toparyna transfer boldy.

Iňlis topary 28 ýaşyndaky hüjümçiniň transferi üçin şotlandlara 11 million funt sterling tölär.Maeda “Ipswiç Tan” bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Seltik” 5 möwsüm oýnan Maeda bu klubda 212 oýunda 79 gol geçirdi.

Ol “Seltikden” öň ýurdunyň “Ýokohama F.Marinos”, “Mito Hollihok”, “Matsumoto Ýamaga” klublarynda, şol sanda 1 möwsüm Portugaliýanyň “Maritimo” toparynda çykyş etdi.

Maeda Ýaponiýanyň milli ýygyndysynda 30 duşuşykda 5 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
“Red Bull” bu gezek “Aston Willany” ganatlandyrdy
UEFA Ýewropa Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
“Golden Steýt Warriors” 7-nji gezek NBA-nyň çempiony
Germaniýaly meşhur futbolçy aradan çykdy
Şu gün Stambulda Çempionlar Ligasynyň toparçalarynyň bijeleri çekiler