Ýaponiýanyň “Hakuto-R” Aý missiýasy uçurylar

Şu gün, 7-nji dekabrda Ýaponiýanyň “Ispace” kompaniýasynyň “Hakuto-R” kosmiki gämisi Aýa uçurylar. Uçurylyşyň wagty “SpaceX” kompaniýasynyň “Falcon 9” raketa göterijisindäki tehniki ýagdaýlar bilen bagly öňem iki gezek yza süýşürilipdi. Şu gün kosmiki gämi Florida ştatyndaky kosmodromyndan asmana göteriler.

Häzirki missiýa tutuşlygyna hususy hasaplanýar. Şeýlelikde “Hakuto-R” Aýa gonan ilkinji hususy kosmiki enjam bolar. Ýaponiýanyň “Ispace” kompaniýasy gonuş gurluşlaryny döretmek üçin robotlaşdyrylan kosmiki enjamlaryň tehnologiýasyny işläp taýýarlady. Bir tonnalyk gonuş modulyny 2023-nji ýylyň aprelinde Aýyň görünýän tarapyndaky “Atlas” kraterinde gondurmak meýilleşdirilýär. Oňa ylmy abzallar berkidilip, stasionar zond hökmünde barlag işlerini geçirer.

Ýaponiýanyň 2×2,5 metr ölçegli gonuş enjamy bilen birlikde Birleşen Arap Emirliklerinde döredilen 10 kilogramlyk “Rashid” lunohody hem uçurylar.BAE-niň kosmiki merkezinde döredilen mikrorower ýokary durulykly iki sany kamera, mikroskop, teplowizor we beýleki zerur abzallar bilen enjamlaşdyrylan. “Rashid” lunohody Ýer hasaby bilen 14 günläp dowam etjek syýahatynda Aýyň üstüni surata alar we beýleki zerur barlaglary geçirer.

Ýene degişli makalalar

SPACEX HKS-e halkara toparyny ýollady
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
“SpaceX” 15 sany täze “Starlink” internet hemrasyny orbita çykardy
Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan
Ilkinji emeli hemrasyny uçurdy