Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abe aradan çykdy

Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abe aradan çykdy

Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abe anna güni janyna kast edilenden soň aradan çykdy. Bu barada Ýaponiýanyň jemgyýetçilik telewideniýesi habar berýär diýip, TASS belleýär.

Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal Demokratik partiýasynyň wekiliniň maglumatlaryna görä, Abe janyna kast edilenden soň ýerleşdirilen Nara prefekturasyndaky hassahanada aradan çykdy.Belläp geçsek, Abeniň janyna kast etme 8-nji iýulda günortana golaý 10-njy iýulda geçiriljek parlamentiň ýokarky palatasy üçin saýlawlaryň öňüsyrasynda saýlaw kapmaniýasynyň çäginde Nara şäherinde çykyş eden wagty bolup geçdi. 41 ýaşly ýaponialy Tesuýa Ýamagami ot açýan ýarag bilen ony iki gezek atdy.

Abe halas ediş gulluklarynyň dikuçary bilen hassahana äkidildi.Lukmanlar oňa gan goýberip, birnäçe sagatlap onuň janyny halas etmegiň ugrunda göreşdiler.Kast ediji özüniň hereketini Abeniň syýasatyny we özüni alyp barşyny halamandygy bilen düşündirdi, ýöne öňki premýer-ministriň göni syýasy garaýyşlaryna hiç hili garşylygynyň bolmandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Şinzo Abe Üçin 27-ni Sentýabrda Resmi Jaýlaýyş Çäresi Geçirler
Ýaponiýanyň ozalky Premýer ministri Sindzo Abeni öldüren hüjümçi ozal bomba ýasamaga synanyşypdyr
Kisida Ýaponiýanyň hökümet başlygynyň resmi rezidensiýasyna göçüp bardy
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmegiň möhletleri mälim boldy, aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim köpeldiler we beýleki habarlar
Ýaponiýanyň ozalky Premýer ministri Sindzo Abe üçin jynaza çäresi geçirildi
Salgyt iýeroglifi Ýaponiýada ýylyň nyşany diýlip yglan edildi