Kisida Ýaponiýanyň hökümet başlygynyň resmi rezidensiýasyna göçüp bardy

Kisida Ýaponiýanyň hökümet başlygynyň resmi rezidensiýasyna göçüp bardy

Ýaponiýanyň täze saýlanan premýer-ministri Fumio Kisida ýurduň hökümet başlygynyň resmi şahanasyna, ýagny rezidensiýasyna göçüp bardy. Ol şeýle etmek bilen, soňky on ýylda bu ýerde ornaşan ilkinji hökümet başlygy boldy. Onuň bilen birlikde premýeriň kätibi bolup işleýän uly ogly hem şahanada ýerleşdi.

Premýer-ministr wezipesine bellenmänkä, Kisida mejlisiň deputatlary üçin umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýardy. Onuň täze öýi— rezidensiýasy esasy hökümet edarasyna ýanaşyk ýerleşýär.

Resmi şahanada ýaşan soňky premýer Ýesihiko Nodadyr, ol bu ýere 2011-nji ýylda göçüp barypdy.

Şu ýylyň 4-nji oktýabrynda Fumio Kisida ýurduň täze, 10-njy hökümet başlyklygyna saýlandy.

Ol 2012-2017-nji ýyllarda Sindzo Abeniň kabinetinde daşary işler ministri wezipesini eýeledi, hökümet başlyklygyna saýlanan wagty Ýaponiýada hökümet başyndaky Liberal-demokratik partiýanyň ýolbaşçysydy.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň ozalky Premýer ministri Sindzo Abeni öldüren hüjümçi ozal bomba ýasamaga synanyşypdyr
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmegiň möhletleri mälim boldy, aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim köpeldiler we beýleki habarlar
Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abe aradan çykdy
Ýaponiýanyň ozalky Premýer ministri Sindzo Abe üçin jynaza çäresi geçirildi
Şinzo Abe Üçin 27-ni Sentýabrda Resmi Jaýlaýyş Çäresi Geçirler
Mewlüt Çawuşogly Balkan Ýurtlarynda Saparda Bolýar