Ýaponiýanyň ozalky Premýer ministri Sindzo Abeni öldüren hüjümçi ozal bomba ýasamaga synanyşypdyr

Ýaponiýanyň ozalky Premýer ministri Sindzo Abeni öldüren hüjümçi ozal bomba ýasamaga synanyşypdyr

Kyodo News habarlar agentliginde berilen habarda, hüjüm bilen bagly derňew geçirýän topar, hüjümçi Ýamagami Tetsuýanyň polisiýa işgärlerine birden köp ýarag ýasandygyny boýun alandygy mälim edildi.

Hüjümçi Ýamagami Tetsuýanyň ozal bomba ýasamaga synanyşandygyny aýdan derňew toparynyň agzasynyň biri, hüjümçiniň ilki başda dini toparyň liderine hüjüm guramak isländigini, ondan soň bolsa kararyny üýtgedip Ýaponiýanyň ozalky Premýer ministri Sindzo Abeni nyşana alandygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan Ýaponiýanyň ozalky Premýer ministri Sindzo Abeniň ýaragly hüjümiň netijesinde ýogalmagynda howpsuzlyk ulgamynda gowşaklygyň bolandygy öňe sürüldi.

BBC tarapyndan berilen habara görä, Nara şäheriniň Polisiýa gullugynyň müdüri Tomoaki Onizuka beren beýanatynda, Sindzo Abeniň goralmagynda we gerek bolan howpsuzlyk çäreleriniň görülmeginde meseleleriň bardygyny inkär edip bolmajakdygyny beýan etdi.

Tomoaki: "Gyssagly bolan zat giň gerimli derňew işi bilen näme bolandygyny ýüze çykarmak" diýip belläp, sebitden jogapkär howpsuzlyk resmisi hökmünde gerek bolan ädimleri edýändigini habar berdi.

Sindzo Abe 8-nji iýulda Liberal Demokrat partiýasynyň dalaşgärini goldamak maksady bilen Nara şäherindäki Ýamato-Saidaiji duralgasynyň golaýyndaky açyk meýdançada geçirilen çärede eden çykyşynda ýaragly hüjüme sezewar galypdy.

Hüjümden soň agyr ýaraly ýagdaýda hassahana ýatyrylan Abe halas edilip bilinmändi.

Ýene degişli makalalar

Kisida Ýaponiýanyň hökümet başlygynyň resmi rezidensiýasyna göçüp bardy
Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abe aradan çykdy
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmegiň möhletleri mälim boldy, aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim köpeldiler we beýleki habarlar
Ýaponiýanyň ozalky Premýer ministri Sindzo Abe üçin jynaza çäresi geçirildi
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Tokioda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi