Mewlüt Çawuşogly Balkan Ýurtlarynda Saparda Bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Balkan ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Serbiýadan soň Demirgazyk Makedoniýa bardy.

Mewlüt Çawuşogly, Demirgazyk Makedoniýanyň Ohri şäherinde geçirlen Presa Diýalog forumyna gatnaşdy.

Ministr Çawuşogly forumyň çäginde Ýewropa Parlamentiniň halk deputaty we Ýewropaly Liberallaryň egindeş baştutany İlham Küçük we Awstriýanyň Daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşdy.

Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiç bilen duşuşan Çawuşogly, Türkiýe bilen Horwatiýanyň arasyndaky gatnaşyklar, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi we Bosniýa-Gersegowinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Demirgazyk Makedoniýadaky türk jemgyýetiniň wekilleri bilen hem duşuşan Çawuşogly mesele hakynda Twitterden beren habarnamasynda “Demirgazyk Makedoniýanyň medeniýetine we ykdysadyýetine uly goşant goşýan türk jemiýetiniň wekilleri bilen duşuşdyk. Ýurtlarymyzyň arasynda dostluk köprüsi bolan kowumdaşlarymyza goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, 19-njy iýuna çenli dowam etjek Balkan ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Horwatiýa hem barar.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar