Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

20-nji fewralda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy bilen Tendo şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Çeşmede bellenilişine görä, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň häkimi Şinji Ýamamotonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ilçi A.Baýramow Tendo şäher häkimliginiň ýolbaşçylaryna Arkadag şäheri we şäheriň gurluşygynyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Bulardan başga-da, taraplar Arkadag şäheri bilen Tendo şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyryldy
Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Baş kätip A. Myradow bilen jenap Toru Kobaýaşiniň arasynda bolan wideo konferensiýanyň hasabaty
Tokioda türkmen-ýapon parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Raşid Meredow ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy