Ýarym finalda Milan derbisi

UEFA Çempionlar Ligasynda ýarym finalda italýan, has takygy, “Milan” derbisi oýnalar. Çärýek finalyň jogap duşuşygynda Inter öz meýdançasynda “Benfika” bilen 3-3 deňme-deň netije görkezdi. Çekeleşikli geçen oýunda 14-nji minutda Nikola Barella owadan gol bilen italýanlary öňe saýlady. 38-nji minutda Fredrik Eursnes hasaby deňledi.

Oýnuň 65-nji 78-nji minutlarynda “Interiň” argentinaly ýyldyzlary Lautara Martines bilen Hoakin Korrea tapawutlanyp, hasaby 3-1-e ýeterdiler.Portugal klubunyň futbolçylarynyň eden tagallasy bolsa hasaby deňlemäge ýetdi. 85-nji minutda Antonio Silwa, 90+5-nji minutda Petar Musa tapawutlandy. Ýöne bu deňlikde portugal klubunyň ýarym finala çykmagy üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, şu möwsümde Çempionlar Ligasynda 14 duşuşyk geçirip, diňe şolaryň birinde ýeňildi we ýaryşdan çykdy. “Inter” bolsa 13 ýyldan soň 3-nji gezek ýarym finala çykmagy başardy. “Inter” ýarym finalda mundan öň şu ýaryşda 2 gezek gabatlaşan garşydaşy, köne bäsdeşi “Milan” bilen duşuşar. “Milan” bilen “Interiň” arasyndaky öňki 2 gabatlaşmada, “Intere” garşydaşyny ýeňmek başartmady.

Iki gezek-de “Milan” ýarym finalda “Interi” ýaryşdan çykaryp, finala adyny ýazdyrypdy.

Ýene degişli makalalar

Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Inter Italiýanyň Super Kubogyna mynasyp boldy
Bawariýa Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdy, Barselona - Inter - 3:3
Messi, Mbappe meýdança çykýar Katar 2022-de 3-nji günüň duşuşyklary
“Interden” soň “Milan” hem soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi
“Milan” 15 ýyldan soň çärýek finala çykyp bilmedi