Ýaşar Güler: "Gresiýa bilen gepleşikler oňyn häsýetde geçdi" diýdi

Ýaşar Güler: "Gresiýa bilen gepleşikler oňyn häsýetde geçdi" diýdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň saparyndan soň, nobatdaky Türkiye-Gresiýa Harby Ynam artdyryjy çäreler maslahatynyň Gresiýada geçiriljekdigini mälim etdi.

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler TBMM-de eden çykyşynda Gresiýa bilen gepleşikleriň oňyn häsýetde geçendigini belläp: "Nesip bolsa şular ýaly dowam ederis. Biz hem onuň dowamynda Gresiýa gideris. Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň saparyndan soň, nobatdaky Türkiye-Gresiýa Harby Ynam artdyryjy çäreler maslahaty Gresiýada geçiriler. Ony mundan soň olar bilen gepleşikler geçirip ylalaşyga geleris" diýip aýan etdi.

Ministr Ýaşar Güler gününi garşy tarapyň kesgitlejekdigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan, Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Gresiýa Harby Goşunda Özgertmeler Eder
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Çagalary Kabul Etdi
Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde