Ýaşar Güler: "Guramanyň hereketini ýok etmek derejesine ýetirdik" diýdi

Ýaşar Güler: "Guramanyň hereketini ýok etmek derejesine ýetirdik" diýdi

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler düýn Kyrykkale welaýatynda beren beýanatynda, Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň bir tarapdan serhediň howpsuzlygyny üpjün edýän bolsa, beýleki tarapdan terrora garşy göreşde uly sepgitlere ýetendigini belläp: "Hem ýurduň öz içinde hem-de serhetaşa operasiýalar bilen ekstremist terror guramasynyň hereketini ýok etmek derejesine ýetirdik. Şonuň saýasynda ýurdumyzyň ähli ýerinde howpsuzlyk we asudalyk gurşawyny ýola goýdyk.

Terrora garşy göreş bilen birlikde serhetlerimiziň howpsuzlygyny hem iň güýçli we iň täsirli ýagdaýda üpjün edýäris. Şol bir häsýetde mawy we gök watanymyzdaky hukuklaryny we bähbitlerimizi tutanýerlilik bilen goraýarys. Şonuň bilen birlikde şol bir wagtyň özünde dünýäniň ençeme geografiýasynda howpsuzlyga, parahatçylyga we durnuklylyga möhüm goşantlar goşýarys" diýip mälim etdi.

Ýerli we milli goranyş önümlerimizi bilen goşunyň mümkinçiliklerini we başarnyklaryny has hem artdyrandyklarynyaýdan Ýaşar Güler, gaubisalar, uçarmansyz howa ulaglary, ýaragly uçarmansyz howa ulaglary, hüjüm ediji uçarmansyz howa ulaglary, söweşjeň dikuçarlar, TJG Anadoly gämisi we howa goranyş ulgamlary ýaly ençeme tankydy önümiň goşunyň ulanylmagyna berilendigini beýan etdi.

Soňky gezek bolsa milli söweşjeň uçar KAAN-yň 21-nji fewralda ilkinji uçuşyny üstünlikli ýagdaýda amala aşyrandygyny aýdan Ýaşar Güler: "Şeýlelik bilen Türkiye indi öz harby uçaryny öndürip bilýän dünýäniň sanalgyja ýurtlarynyň biri ýagdaýyna geldi. Oňa näçe buýsansak azdyr" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Çeşme: Türmede ýiten biznesmeniň daşary ýurtdaky aýalyna howp abanýar
Çanakgala Ýeňişine 109 Ýyl Doldy
TJG Anadoly gämisi Türkiyäniň Harby-deňiz güýçlerine gowşuryldy
Prezident Erdogan TJG Anadoly gämisini Harby-deňiz güýçlerine gowşurmak dabarasyna gatnaşdy
“TJG Anadolu Ulanmaga Taýýar”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny