Ýaşlarda jemlenen güýç-kuwwat döwletimiziň gülläp ösüşiniň açarydyr

Ýaşlarda jemlenen güýç-kuwwat döwletimiziň gülläp ösüşiniň açarydyr

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) we onuň Türkmenistandaky milli hyzmatdaşlarynyň bilelikdäki maslahaty bolup geçdi.Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar ünsi Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek ugrundaky öňegidişlige jemlemek bilen, 2025-nji ýylda edilen işleriň jemini jemlediler.Esasy üns nesil öndürmeklik, gender deňligi, zenanlaryň we ýaşlaryň hukuklary, şeýle hem ýurduň demografik ösüşi meselelerine gönükdirildi. ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşlyýew Altyn asyr elektron gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde geçen ýylyň netijelerine we 2026-njy ýyl üçin öz garaýşyna baha berdi. 2025-nji ýyly diýseň üstünlikli ýyl hasaplaýarys.

Biz ünsümizi aýratyn dykgat talap edýän ugurlarda jemledik.Bular, esasan, gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny goldamak, olaryň maşgalada we öýden daşarda howpsuzlygyny üpjün etmek we bu ugurda kanunçylyk binýadyny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekdir diýip, K.Goşlyýew aýtdy.

Indiki maksatnamalaýyn döwürde ÝUNFPA häzirki iş meýilnamalarynyň üstüni ýetirmek we güýçlendirmek üçin, Türkmenistanyň Mejlisi, Ýokary kazyýet we Bilim ministrligi ýaly döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygy artdyrmagy meýilleşdirýär.Täze strategik jähete, ýagny demografik peýdalaryň ulanylyşyna aýratyn üns berler.

Türkmenistanyň ilatynyň ýarysy ýaşlardyr, olaryň ortaça ýaşy 28 ýaşdyr.Bu ýaşlaryň mümkinçilikleriniň doly ulanylmagyny we döwletiň gülläp ösmegine hem raýat jemgyýetiniň abadançylygyna gönükdirilmegini üpjün etmek üçin, ÝUNFPA öz tejribesini ulanmaga taýýar diýip, K.Goşlyýew nygtady.

BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili sözüniň ahyrynda BMG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygyny, munuň-da BMG-niň Ilat gaznasynyň jemgyýetçilik ugurly ilat işleri üçin amatly şertleri döredýändigini belledi.

Bu giň gerimli hyzmatdaşlyk döwlet edaralary bilen durmuş-ykdysady ösüşiň we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygymyzyň umumy ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga wajyp ynsanperwer başlangyçlary, BMG bilen halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy we sebitde hem bütin dünýäde parahatlygy pugtalandyrmaga eden ägirt uly goşandy üçin hoşallyk bildirmek isleýärin.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň pudaklaýyn dolandyryş edaralary we BMG-niň Ilat gaznasy geçen ýyldaky işleriniň netijelerini jemlediler
BMG-niň guramalary durmuş hyzmatlary boýunça maksatnamanyň netijeleri bilen tanyşdyrdy
Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri Astanada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Sebitleýin keýs-çempionatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň BMG-niň Ilat Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çäresi geçirildi
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary