BMG-niň guramalary durmuş hyzmatlary boýunça maksatnamanyň netijeleri bilen tanyşdyrdy

BMG-niň guramalary durmuş hyzmatlary boýunça maksatnamanyň netijeleri bilen tanyşdyrdy

BMG-niň gatnaşyjy guramalary Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde, Ýerli derejede inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek atly Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde BMG-niň DÖM boýunça Bilelikdäki Gaznasyny goldaýan halkara donorlaryny netijeler bilen tanyşdyrdy.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň ýolbaşçylygynda, onlaýn görnüşde geçirilen bu ýygnaga DÖM boýunça Bilelikdäki Gaznasyna maliýe taýdan goşant goşýan BMG-niň Hemişelik wekilleri, döwletleriň Türkmenistandaky ilçileri, köp ugurly guramalar, BMG-niň ýurt boýunça toparynyň agzalary we Bilelikdäki maksatnamanyň öňdebaryjy milli hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýokary derejeli işgärleri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda ÝUNISEF-iň, BMGÖM-niň, ÝUNFPA-iň we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň baştutanlary — bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişine gatnaşýan dört gurama, Bilelikdäki Maksatnamany durmuşa geçirmekde şu güne çenli gazanylan möhüm sepgitleri hödürlediler:

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanda synag edilen täze ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny görkezýän gysga wideo tomaşa etdiler we Bilelikdäki maksatnamanyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin Bilelikdäki Maksatnamanyň II tapgyrynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri Astanada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Sebitleýin keýs-çempionatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň BMG-niň Ilat Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň pudaklaýyn dolandyryş edaralary we BMG-niň Ilat gaznasy geçen ýyldaky işleriniň netijelerini jemlediler
Ýaşlarda jemlenen güýç-kuwwat döwletimiziň gülläp ösüşiniň açarydyr
Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy
Durnukly ösüş maksatlary boýunça duşuşyklar geçirilýär