Ýaşyl energiýa boýunça öňdebaryjy bäş ýurt

170-den gowrak ýurt gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagy meýilleşdirip, olaryň 150-si arassa energiýa çeşmelerine maýa goýmaga höweslendirmek üçin dürli işleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda ýaşyl energiýany ösdürmekde Hytaý, Daniýa, Keniýa, Hindistan we Islandiýa öňdebaryjy ýurtlar bolup durýar.

Hytaý

Hytaý arassa energiýa tehnologiýalaryna maýa goýmak boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurt hökmünde ykrar edildi. Ýurt täzelenýän energiýa çeşmeleriniň beketleriniň gurluşygyna hem-de ekologiýa taýdan arassa energiýanyň tehnologiýalaryna batareýalaryň we elektrik ulaglarynyň önümçiligine köp mukdarda maýa goýýar.

Hytaýyň energiýa pudagy henizem kömre garaşly bolsa-da, täzelenýän çeşmeler ýurduň energiýa deňagramlygynyň ep-esli bölegini tutýar.Häzirki wagtda Hytaýda köpsanly Gün we ýel elektrik beketleri işleýär.Hytaýyň 2022-nji ýyla çenli global ýaşyl energiýadaky paýynyň 42 göterimi Gün, 35 göterimi gidro we 40 göterimi hem ýel energiýasynyň boljakdygy çaklanylýar.

Häzirki wagtda Hytaý maliýe we işewür gurluşlaryň kömegi bilen ýaşyl energiýa taslamalaryna birnäçe milliard dollarlyk daşary ýurt maýa goýumlaryny gönükdirýär. Şeýle hem Hytaý enjamlaryň öndürilmegine goşant goşýar we dünýädäki Gün batareýalarynyň önümçiliginiň esasy bölegini emele getirýär.

Daniýa

Daniýa ýel energiýasy pudagyny ösdürmekde dünýäde öňdebaryjy ýurtdur. Ýurduň ähli elektrik zerurlyklarynyň deň ýaryna golaýy ýel elektrik beketleri bilen üpjün edilýär.Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna agza döwletleriň arasynda Daniýa jan başyna düşýän ýel energiýasyny öndürmekde soňky ýyllarda iň ýokary görkezijili ýurtdur.

Daniýalylar munuň bilen çäklenmeýärler: 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa desgalary arkaly elektrik energiýasynyň 50 göterimden gowragyny, 2050-nji ýyla çenli bolsa 100 göterimini öndürmegi meýilleşdirýärler. Ýöne, ýaşyl energiýanyň ösüş depgini ýurduň bu maksatlara has çalt ýetjekdigini görkezýär. 2020-nji ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýa desgalary elektrik zerurlygynyň 80 göterimden gowragyny üpjün edendigi habar berilýär. 2017-nji ýylda Bütindünýä banky Daniýany arassa energiýa boýunça dünýä lideri diýip yglan etdi.

Daniýa 30 ýyl töweregi mundan ozal deňizdäki ilkinji ýel bekedini synagdan geçirdi.Geçen ýyllarda elektrik enjamlarynyň eksporty, Daniýanyň umumy eksportynyň ep-esli bölegini emele getirip, energiýa tehnologiýalarynyň eksporty boýunça Ýewropa Bileleşiginiň başyny çekdi.

Keniýa

Keniýanyň bu ugurda onçakly ady çykmasa-da täzelenýän energiýa çeşmelerinde öňdebaryjy ýurtlaryň biridir.Ilatynyň diňe 70 göteriminiň elektrik energiýasyna elýeterliligi bolan ýurtda hökümet ählumumy elýeterliligi üpjün etmegi maksat edinýär. Şol sebäpden, soňky birnäçe ýylyň içinde Keniýa elektrik energiýasy bilen işleýän Gün desgalarynyň gurluşygynda öňdebaryjy ýurtlaryň biri boldy.

Soňky ýyllarda Gün energiýasy gymmat hasaplanýan dizel generatorlaryň ornuny tutdy.Keniýa hökümetiniň tagallalaryna Bütindünýä banky, Germaniýanyň ösüş gullugy (GIZ) we Afrika Ösüş Banky (ADB) ýaly köp sanly halkara ösüş edaralary goldaw berdi.

Oba ýerlerinde elektrik energiýasyna elýeterlilik baradaky milli syýasat ýola goýlany bäri, kiçi Gün torlary uzak sebitlerde ýaşaýanlaryň 30 göterimden gowragyny elektrik energiýasy bilen üpjün etdi.Keniýa innowasion zarýad beriş, ýagtylandyryş we beýleki durmuşy enjamlar bilen birlikde energiýa täzelikçiliginde uly ösüşleri gazandy.

Mysal üçin, köçeleri yşyklandyrmaga niýetlenen Gün panelleriniň bazary ýokary derejede ösdi, olaryň satuwy bilen birgiden kiçi we orta kärhanalar meşgullanýar.Maksatnamanyň şowly bolmagy Bütindünýä bankyna Ganada, Efiopiýada, Tanzaniýada şuňa meňzeş meýilnamalary döretmäge ruhlandyrdy.

Hindistan

Ilaty 1 milliarddan geçýän Hindistanyň çalt ösýän ykdysadyýetinde energetika pudagy möhüm ähmiýete eýedir.Hindistanyň energiýa zerurlygy geljekde dünýä energiýasynyň dörtden birine deň boljakdygy çak edilýär. Şoňa görä, Hindistan energiýa zerurlyklarynyň uly bölegini arassa energiýa bilen üpjün etmegi saýlap aldy.

Kömür henizem ýurduň energiýa pudagynyň 70 göterimini tutýar, ýöne Hindistan 2022-nji ýylda täzelenýän energiýa kuwwatlyklaryny has-da ösdürmäge synanyşar. Ýaşyl auksionlaryň geçirilmegi bilen Hindistan dünýäde bäsdeşlige ukyply energiýa bazaryny döretdi.

Elektrik energiýasyna bolan islegiň artmagy netijesinde bäsdeşlik hem ýokarlanýar.Bu ýagdaý çykdajylary azaltmaga kömek edýär. Şeýle işeňňirlik hökümetiň kömre bolan zerurlygyny aradan aýyrmaga we ünsüni gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine gönükdirmegine iterdi. Çykdajylaryň azalmagy netijesinde döwlet kömür bilen işleýän elektrik beketlerini ulanyşdan aýyrmagy meýilleşdirip, olaryň ýerini Gün we ýel elektrik beketleri bilen çalyşýar.

Mundan başga-da, Hindistan ýüzýän Gün elektrik beketlerini we azyndan 10 GWt täzelenip bilýän energiýa kuwwatlyklaryny gurmagy meýilleşdirýär.

Islandiýa

Haýran galdyryjy tebigaty bilen tanalýan Islandiýa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmekde dünýäde we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda iň öňdebaryjy ýurtlaryň biridir.Häzirki wagtda geotermik, gidro we ýel energiýasy Islandiýanyň elektrik zerurlygynyň 100 göterimini üpjün edýär. Ýurduň 75 göterime golaýy gidroelektrik beketleri, galanlary ýel energiýasy we geotermik energiýa çeşmeleri arkaly üpjün edilýär. Ýurduň gyzgyn suwa we ýylylyga bolan isleginiň 90 göterimden gowragy geotermik çeşmeler bilen üpjün edilýär.

Islandiýa häzirki wagtda gazylyp alynýan energiýa serişdelerini elektrik çeşmesi hökmünde ulanmagyny doly bes etdi.Bu adanyň işjeň wulkanly sebitde ýerleşýändigi üçin Islandiýa gidrotermik çeşmelere baý ýurtdur. Ýerasty ýylylyk çeşmeleri geotermik beketler tarapyndan ulanylýar.

Maglumatlara görä, Islandiýada jaýlaryň 10-dan 9-sy geotermik çeşmeler bilen gyzdyrylýar.

The post Ýaşyl energiýa boýunça öňdebaryjy bäş ýurt appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Kofe öndürmekde öňdebaryjy ýurtlar
Dünýä Syýahat deňiz syýahatçylygyny hödürleýär
Şengen wizasynyň amallary ýeňilleşdirilýär
Dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy
Energiýa elýeterliligi boýunça öňde
Günüň batmaýan ýerleri
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli