ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Liderleri Ysraýyl-Palestina Gün Tertibi Bilen Jemlenşer

ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Liderleri Ysraýyl-Palestina Gün Tertibi Bilen Jemlenşer

ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri şu gün agşam Ysraýyl-Palestina gün tertibi bilen jemlenler.

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, ÝB-ne agza ýurtlaryň liderlerine şu gün agşam wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin çagyryş berdi.

Çagyryşda halkara hukuk kadalaryna laýyklykda asuda ilatyň goralmagynyň ähmiýetine we iki döwetli çözgüde üns çekildi.

Çagyryşda şeýle hem ÝB-niň Gazadaky asuda ilata ynsanperwer kömegini bermäge taýardygy nygtaldy.

Hamasyň harby topary Kassam, 7-nji oktýabrda ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem ýüzlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

'Mejbury tomaşaçy' meselesiniň çözgüdi 'halk durmuşynyň gowulanmagynda' - Synçy
ABŞ, Müsür we Katar Gaza Üçin Gepleşikleriň Başlamagy Boýunça Çagyryş Etdi
7-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen toparlary AFK-nyň täze ýaryşlaryndan näçe pul gazanar?
BMG Parasatlylyk Çagyryşyny Berdi
Arkadag futbol kluby ýoldaşlyk duşuşygynda Rumyniýanyň toparyndan üstün çykdy
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň bijeleriniň çekiljek güni belli boldy