ÝB, Ukraina 50 Milliard Ýewrolyk Kömek Berer

ÝB, Ukraina 50 Milliard Ýewrolyk Kömek Berer

ÝB-niň bujetinden Ukraina goşmaça 50 milliard ýewrolyk kömegiň berilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, nobatdan daşary ýagdaýda geçirlen ÝB-ne agza ýurtlaryň liderler sammiti barada maglumat berdi.

Mişel, sosial mediadan beren habarnamasynda “27 ýurduň lideri ÝB-niň bujetinden Ukraina goşmaça 50 milliard ýewrolyk kömegiň berilmegi boýunça ylalaşyk gazandy” diýdi.

Mişel habarnamasynda “ÝB Ukraina goldaw bermek meselesinde jogapkärçilik alýar. Ýagdaýyň has howpludygyny bilýäris” diýdi.

ÝB Komissiýasy, Ukraina öňümizdäki 4 ýylda ýagny 2024-2027-nji ýyllaryň aralygynda ÝB-niň bujetinden 50 milliard ýewrolyk kömegiň berilmegini isleýärdi. Gurama agza 26 ýurda bu kömege goldaw berýärdi, Wengriýa bolsa dürli sebäplerden garşy durýardy.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda geçirlen ÝB-niň liderler maslahatynda bu karary weto edipdi.

Ýene degişli makalalar

ÝB-ne agza käbir ýurtlaryň Palestinany ykrar etmegi meýilleşdirýändigi öňe sürüldi
ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Liderleri Brýusselde Duşuşar
Stoltenberg Gruziýanyň NATO we ÝB-ne Agzalygyny Goldaýar
Elektron çilimleriň satuwy gadagan edildi
Türk Metbugatynyň Gysgaça Mazmuny
Britni Spirs ýatlamalar kitabyny çykarar