ÝÇL-de toparçalaýyn tapgyr badalga aldy: Çelside garaşylmadyk ýeňliş

ÝÇL-de toparçalaýyn tapgyr badalga aldy: Çelside garaşylmadyk ýeňliş

Ýewropa çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndan orun alan birinji aýlawyň käbir oýunlary geçirildi. Günüň iň esasy garaşylmadyk netijeleri Horwatiýada we Germaniýada hasaba alyndy. Zagrebde ýerli Dinamo Orşiçiň 13-nji minutda uran goly bilen Çelsini minimal hasapda ýeňlişe sezewar etdi. Germaniýada bolsa ýer eýesi Leýpsig Ukrainanyň Şahtýoryny kabul edip, uly hasapda ýeňlişe sezewar boldy.

Duşuşykda myhman topar 4:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, gollara ýer eýelerinden Simakan (57), myhmanlardan bolsa Şwed (16, 58), Mudrik (76) hem-de Traore (85) awtorlyk etdiler. Şeýle-de düýn Awstriýada Zalsburgyň myhmany bolup, 1:1 hasabynda deň oýnady we utuk paýlaşmaga mejbur boldy.

Zalsburgyň goly 28-nji minutda Okafros, Milanyň goluna bolsa 40-nji minutda Salemakers tarapyndan derwezä ýollady.Sişenbe agşamynyň merkezi oýnunda PSŽ öz öýünde Mbappeniň dubly bilen (5, 22) Ýuwentusdan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Myhmanlaryň goly 53-nji minutda Makkenniniň adyna ýazyldy.Mundan başga-da tapgyrda Borussiýa (Dortmund) öz öýünde Kopengageni 3:0, Benfika öz öýünde Makkabini 2:0, Real myhmançylykda Seltigi 3:0, Mançester Siti myhmançylykda Sewilýany 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

ÝÇL toparçalaýyn tapgyr, birinji aýlaw:

E toparça

Dinamo — Çelsi 1:0; Zalsburg — Milan 1:1.

F toparça

Seltik — Real 0:3; Leýpsig — Şahtýor 1:4.

G toparça

Borussiýa — Kopengagen 3:0; Sewilýa — Mançester Siti 0:4.

H toparça

PSŽ — Ýuwentus 2:1; Benfika — Makkabi 2:0.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Ýyldyz oýunçynyň 200-nji goly we çempionyň ynamly ýeňşi
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Çempionlar ligasynyň 5-nji oktýabrdaky duşuşyklarynyň netijeleri
ÝÇL: Makkabi 20 ýyldan soň ýeňiş gazandy, Real we Siti indiki tapgyrda
Çempionlar ligasynyň 11-nji oktýabrdaky duşuşyklarynyň netijeleri