ÝÇL-iň ähli ýarym finalçylary belli boldy

ÝÇL-iň ähli ýarym finalçylary belli boldy

Milan şäheriniň Inter kluby Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda Portugaliýanyň Benfika topary bilen deň oýnady. Juzeppe Meassa stadionynda geçirilen oýun 3:3 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Italýan klubynyň düzüminde Barella (14-nji minut), Martines (65) we Korrea tapawutlandy. Benfikanyň gollaryna bolsa Eursnes (38), Antoniu Silwa (86) hem-de Musa (90+5) awtorlyk etdi.

Şeýlelikde, toparlaryň arasyndaky deslapky oýunda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanan Inter iki oýnuň netijesine görä 5:3 hasabynda garşydaşyndan üstün çykyp, ýarym finala adyny ýazdyrdy.

Günüň beýleki oýnunda Mançester Siti myhmançylykda Bawariýa bilen deň oýnady. Mýunhende geçirilen oýun 1:1 hasabynda gutardy.

Oýnuň 57-nji minutynda Holland Mançester Sitini hasapda öňe çykardy, bu gola ýer eýeleriniň oýunçysy Kimmih 83-nji minutda penaltiden jogap gaýtardy. Şeýlelik bilen, deslapky oýny 3:0 hasabynda öz peýdasyna tamamlan Pep Gwardiolanyň halypalyk edýän Mançester Sitisi ýaryşyň ýarym finalyna ýollanma aldy.

Şunlukda, ÝÇL-iň ýarym finalyna Mançester Siti Real bilen, Inter bolsa Milan bilen duşuşar. Ýarym final oýunlary 9-10-njy maý hem-de 16-17-nji maý günleri oýnalar.

ÝÇL-iň aýgytlaýjy oýny 10-njy iýunda Stambul şäherindäki Olimpiýa stadionynda geçiriler

Ýene degişli makalalar

Eli Koen Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasyny açar, FlyDubai Dubaý bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrdy, Aşgabatda informatika boýunça halkara olimpiadasy açyldy we beýleki habarlar
Pýotr Welikiý gämisiniň gezelenjiniň ugry Türkmenistany öz içine alar, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabyna häkim bellenildi, Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde açyk gapylar günleri geçiriler we beýleki habarlar
16 duşuşyk 48 gol
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar
Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
Stambulda 1,6 milliard ýewrolyk final