Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB) Aşgabatda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri üçin seminar geçirdi, onda ÝDÖB-nyň ekspertleri eksport önümleriniň öndürilmek we daşary ýurt bazarlaryna ýerlenmek mümkinçilikleri hakynda gürrüň berdiler. Bu barada Treand habar aganetligi habar berýär.
Bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy esasynda, ÝDÖB-nyň “Kiçi biznes üçin konsultasiýalar” programmasynyň çäginde we ÝB-niň “Türkmenistanda oba hojalygynyň we obanyň mundan beýläk hem durnukly ösmegine ýardam bermek” proýektiniň çäginde gurnaldy.
ÝB-niň proýekti oba hojalyk önümlerini we azyk önümlerini öndürmäge we ýerlemäge goldaw bermek maksady bilen işlenip düzüldi.
