Ministrler kabinetiniň 3-nji awgustda geçirilen mejlisinde ýurduň söwda ulgamyna gözegçilik edýýän wise-premýer Çaly Gylyjow öz işiniň netijeleri boýunça hasabat bilen çykyş etdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow onuň hasabatyny diňläp, ýurtdaky haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy buýurdy.
Ministrler kabinetiniň başlygynyň beýleki orunbasarlary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny artdyrmagyň, başga döwletlerde Söwda öýlerini açmak meseleleriniň üstünde işlemegiň wajypdygyny belledi diýip, TDH habar berýär.
Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky 29-njy iýunda Aşgabatda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri üçin seminar geçirdi we onda ÝDÖB-nyň ekspertleri daşary ýurt bazarlaryna ýerleşdirip boljak esport önümlerini öndürmek mümkinçilikleri hakynda gürrüň berdiler.
