Ýel energiýasy gazdan arzan düşdi

Ýel energiýasy gazdan arzan düşdi

Angliýa deňziň kenardan uzakdaky ýerlerinde guruljak Ýewropanyň iň uly ýel bekediniň gurluşygyna badalga berýär. Önümçilik kuwwaty 8,4 GW boljak iri taslama bahasy hem-de ölçegi babatda bu ugurdaky bäsdeşligi has-da ýitileşdirdi.

Taslamanyň çäklerinde guruljak beket 10 million öýi arassa elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Ýurtda geçirilen bäsleşiklerde Angliýa we Gallerde 1 MW/sagat üçin 91,2 funt sterling, Şotlandiýada 1 MW/sagat üçin 89,5 funt sterling boldy.

Bu görkezijiler Birleşen Patyşalykda täze tebigy gaz bekedini gurmak we işletmek üçin edilýän çykdajydan (1 MW/sagat üçin 147 funt sterling) 40 göterim arzan.Deňizlerde guruljak beketlerden alnan elektrik energiýasy sarp edijilere tebigy gaz bilen deňeşdirilende, her ýylda 1,7 milliard funt sterling arzan düşer.

Sona Islamowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Batareýaly otly işe başlady
Ýel energiýa önümçiliginde rekord
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Ahal we Şagadam toparlary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyna ýeňiş bilen başladylar
“Gyzyl alma” filminiň ilkinji görkezilişi
Türkmenistan Owganystandan mermer import etmäge gyzyklanma bildirýär