Ýel energiýa önümçiliginde rekord

Birleşen Patyşalykda ýel beketlerinde elektrik energiýasyny almakda täze rekord goýuldy. Ýurduň milli energiýa ulgamy operatory (NESO) Britaniýanyň arassa we daşky gurşawa zyýansyz elektrik energiýasyny öndürmekde täze sepgide ýetendigini habar berdi. 11-nji noýabr güni ýel beketleri 22,711 MW, ýagny 22 million hojalyga ýetjek elektrik energiýasyny öndüripdir.

Bu görkeziji ýurtda sarp edilýän elektrik energiýasynyň 43,6 göterimine gabat gelýär.Angliýanyň demirgazygy hem-de Şotlandiýa ýelden energiýa almak üçin amatly tebigy şertleri hödürleýär.NESO-nyň maglumat bermegine görä, ýurtda elektrik energiýasynyň 12,5 göterimi gazdan, 12,1 göterimi ýel beketleri arkaly doldurylan batareýalardan, 11,3 göterimi elektrik geçirijileri arkaly beýleki ýurtlardan, 8 göterimi ýadro beketlerinden, 8 göterimi biomassadan we 1,4 göterimi gidroelektrik beketlerden alnypdyr.

Selbi Annamyradowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Batareýaly otly işe başlady
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Bedew batly diýarym, aýdym-sazly mekanym
Ýel energiýasy gazdan arzan düşdi
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda gujurly ýaşlaryň döredijilik sergisi geçirildi