Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda gujurly ýaşlaryň döredijilik sergisi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda gujurly ýaşlaryň döredijilik sergisi geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda bu ýokary okuw mekdebiň uçurymlarynyň we talyp ýaşlarynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary — 2023 atly döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Her ýylyň dekabr aýynda geçirilýän döredijilik sergisi Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ýylyň dowamynda ýerine ýetiren iň gowy eserleri görkezilýär.Geçen ýyllarda geçirilen sergilerden tapawutlylykda bu ýylky döredijilik sergisine uçurymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň taýýarlan eserleriniň ählisi diýen ýaly, Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi esasynda taýýarlanan.

Bu bolsa 2024-nji ýylda ýurdumyzda hem-de bütin dünýäde giňden belleniljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna özboluşly sowgat bolar.

Döredijilik sergisiniň açylyş dabarasynda çykyş eden halypa mugallymlardyr suratkeşler zehinli, başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle-de her ýylyň dekabr aýynda ýaşlaryň döredijiligine mynasyp baha bermek üçin geçirilýän serginiň uly manysynyň bardygyny buýsanç bilen bellediler hem-de sergide ýaýbaňlandyrylan işlere özleriniň halypalyk maslahatlaryny berdiler.

Sergide görkezilen işleriň birnäçesi barada belläp geçsek, talyp Ogultäç Çarykulyýewanyň Çöl üstünden öwser ýeliň türkmeniň atly nakgaş işinde Garagum sährasynyň goýnunda eli kitaply Magtymgulynyň çeper keşbi beýan edilýär.Akyldar şahyryň öňünde bolsa haly horjunyň içinde kitaplaryň ýerleşdirilmegi Magtymguly Pyragynyň kitaba belent hormat goýandygyny görkezýär.

Akyldar şahyryň arka tarapynda bolsa ak hana atlanan Gahryman Arkadagymyzyň heýkeliniň ýerleşdirilmegi, Garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen ýaşaýyş durmuş maksatly binalaryň şeýle-de kerwen gurap geçip barýan üsti ýükli düýeleriň hatary görkezilýär.

Bu bolsa ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşendigine şaýatlyk edýär.

Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamany atly talyp gyz Merýem Annamyradowanyň hem nakgaş eseri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.Onda Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde bina edilýän Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň, arka tarapynda bolsa sebitdäki ilkinji akylly şäher bolan Arkadag şäheriniň bina edilen desgalarynyň ýerleşdirilmeginiň özünde çuňňur many bar. Çünki türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda türkmen halkynyň agzybirligini, bagtyýar we berkarar durmuşyny arzuwlan şahyr.

Akyldaryň döredijiliginde beýan edilýän wakalar, şahyryň arzuwlan zamanasynyň, Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent sepgitleri şu günki döredijilik sergisinde reňkleriň üsti bilen beýan edilip, kendir ýüzünde halk köpçüligine hödürlenýär.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.Hawa, döredijilik sergisine talyp Annasoltan Hojaýewanyň hödürlän nakgaş eserleri şeýle atlandyrylýar.Bu nakgaş eseri gözelligi we wakalara baýlygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekdi.

Sebäbi onda türkmen sahnasynda Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymy ýerine ýetirýän suraty inçelik bilen beýan edilýär.Sahnanyň arka ýüzündäki monitorda bolsa akyldar şahyrymyzyň Köpetdagyň belent gerişlerinde bina edilen heýkeliniň şekili, heýkeliň golaýynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly goşgusy ýerleşdirilen .Özboluşly sazlaşygy emele getiren bu nakgaş eseriniň awtory işiň üstünde esli wagtyny sarp edipdir.

Bu onuň döreden eserinde hem aýdyň ýüze çykýar.

Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragy il-ýurduny ýürekden söýen, hemişe olaryň aladasy bilen ýaşan şahyrdyr. Şeýle bolansoň, ol ähli güýjüň, kuwwatyň, adyň, abraýyň iliňe, ýurduňa edýän hyzmatyňa, olara goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny paýhasa baý şygyrlarynda ussatlyk bilen bermegi başarypdyr.

Hut şonuň netijesinde-de şahyryň tutuş adamzat üçin bähbitli bolan paýhas ýörelgesi diňe bir şahyryň ýaşan döwründe ähmiýetli bolman, eýsem, ähli döwürler üçin-de gymmatly hazynadyr.

2016-njy ýyldan bäri geçirilmegi däbe öwrülen, döredijilik sergisiniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky nobatdaky tapgyry hem ýokary ruhubelentlige eýe boldy. Bu sergide ýaýbaňlandyrylan işleriň her biri ýaşlaryň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanmagy ýokary okuw mekdebimiziň zehinli ýaşlarynyň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna özboluşly sowgat boljakdygyny ynanýarys.

Ýeri gelende belläp geçsek, sergide görkezilýän nakgaş, grafika ýaly eserler bilen bir hatarda sergä gatnaşyjylarda talyp ýaşlaryň taýýarlan heýkel eserleri hem uly gyzyklanma döretdi.Aýratyn hem Salyh Saparmämmedowyň Magtymguly, Selbi Jumamyradowanyň Aýdyşyk. (Magtymguly Pyragy we Döwletmämmet Azady) atly heýkel eserlerleri beýlekilerden tapawutlanýar.

Bu döredijilik işlerini synlanyňda ýaşlaryň akyldar şahyrymyzyň döredijiligini içgin öwrenendiklerine, şeýle-de ýaşlaryň göz öňüne getiriş ukybynyň ýokarydygyna göz ýetirýärsiň.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Belentden ýaňlanan owazlar
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hasabat konserti geçirildi