Adamzat irki döwürlerden bäri dürli maksatlar bilen ýeliň güýjünden peýdalanýar. Öňki döwürlerde un üwemek üçin ýel degirmenleri gurlupdyr.Elektrik energiýasyny öndürmek üçin niýetlenen ilkinji beket 1883-nji ýylda Wenada geçirilen halkara sergide görkezilýär. 2000-nji ýyllardan soňra bu maksat bilen has köp ýel bekedi gurlup başlandy. Äpet perleri bolan ýel beketleri ortaça, 25-30 ýyl ulanylýar.
Soňra bolsa, olaryň önümçiligi pese gaçansoň täzelenýär.Indi bolsa inženerler soňky ýyllarda has köp gurulýan ýel beketleriniň ulanyşdan galanlaryny gaýtadan ulanyp başladylar.Munuň üçin döredilen Re-Wind Network atly taslamanyň çäklerinde ýel bekediniň perleri köpri we beýleki gurluşyk desgalarynda peýdalanylýar.
Bu köprüler 30 tonna çenli agyr ýükleriň geçmegine mümkinçilik berýär.Taslamany Irlandiýanyň, Demirgazyk Irlandiýanyň we ABŞ-nyň bäş sany ýokary okuw mekdebi, şeýle hem ylmy-barlag instituty taýýarlady.
Taslamanyň çäklerinde äpet perlerden awtobus duralgasy, telekommunikasiýa diňleri, köprüler, awtoýollaryň galmagalyny azaldýan haýatlar we pyýada geçelgeleri ýaly çözgütleriň eýýäm birnäçesi durmuşa geçirildi.
Bilermenler geljek 20 ýylyň dowamynda 8,6 million tonna ýel bekediniň ulanyşdan galjakdygyny çaklaýarlar. Emma aýna süýümli polimerden öndürilýän bu äpet ganatlar ýokary hilli gurluşyk materialy hökmünde hyzmat edip biler.
Inženerler bu perleriň gaýtadan ulanylmagynyň daşky gurşaw üçin hem peýdaly boljakdygyna ünsi çekýärler.
Gülendam ESENOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
