Galp habarlara garşy göreşýän halkara guramasy parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna dalaşgär hödürlendi

Galp habarlara garşy göreşýän halkara guramasy parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna dalaşgär hödürlendi

Norwegiýanyň öňki Medeniýet we bilim ministri Trine Skeý Grande parahatçylyk boýunça şu ýylky Nobel baýragy üçin International Fact-Checking Network (halkara garaşsyz faktlary tassyklaýyş tory) halkara guramasyny dalaşgär görkezdi.

Norwegiýanyň Liberal partiýasynyň öňki lideri Grande penşenbe güni özüniň twitter sahypasyndaky ýazgysynda parahatçylyk boýunça 2021-nji ýylyň Nobel baýragyna internet torunda galp habarlara garşy göreşýän International Fact-Checking Network (halkara garaşsyz faktlary tassyklaýyş tory) halkara guramasyny hödürländigini habar berdi.

Grande öz twitter sahypasyndaky beýanynda: Biz ýalançylyga garşy göreşiň örän zerur bolan häzirki zaman döwründe ýaşaýarys. Hut şu nukdaýnazardan hem, şu ýyl parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hakykat ugrunda göreşýän International Fact-Checking Network (halkara garaşsyz faktlary tassyklaýyş tory) halkara guramasyny dalaşgärlige hödürledim. Bu halkara guramasy biziň goldawymyza mätäç. diýip belledi.

Galp habarlar we maglumatlar pirimi, internetiň giňden ulanylmagy bilen bütin dünýäde köpçüligi ynandyrmaklyk üçin giňden ulanylýan usula öwrüldi.

Garaşsyz gurama hökmünde International Fact-Checking Network (halkara garaşsyz faktlary tassyklaýyş tory) halkara guramasy 2015-nji ýyldan bäri hakykaty tassyklamak boýunça işleýär.

Norwegiýada ähli ýurtlardan deputatlar we ministrler, öňki baýrak alanlar we käbir uniwersitet mugallymlary bilen birlikde on müňlerçe adamyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenmäge hukugy bar.

Oslodaky Nobel instituty her ýyl 31-nji ýanwara çenli dalaşgär görkezmeklik üçin arzalary kabul edýär.

Parahatçylyk boýunça 2021-nji ýylyň Nobel baýragynyň eýesi oktýabr aýynyň başynda yglan ediler. Bütindünýä azyk maksatnamasy 2020-nji ýylda bu abraýly baýraga mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi Koreýa Respublikasynyň işgärleri dolandyryş ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Hytaý kompaniýalarynyň 59-sy ABŞ-nyň gara sanawyna girdi
Medýa ägirtleri birleşýär
Paýtagtymyzyň aragatnaşyk ulgamynda täze tehnologiýalar özleşdirilýär
Kanada işlemek üçin iň meşhur ýurt boldy