Ýemen bahasy 130 million dollar bolan deňiz portuny gurmakçy

Ýemen bahasy 130 million dollar bolan deňiz portuny gurmakçy

Ýemeniň hökümeti golaý aýlaryň dowamynda ýurduň Kişn etrabynda deňiz portunyň gurluşygyna başlamakçy, ol El-Mahra ülkesiniň gündogarynda ýerleşýär. Taslama üçin 130 million amerikan dollaryny bölüp bermek maksat edinilýär. Bu barada ýurduň ulag ministriniň orunbasary Naser Şuraýfa metbugata beren beýanatynda aýtdy diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Trend habar berýär.

Golaýda Ýemeniň hökümeti Ajham Energy & Mining Co kompaniýasy bilen geleşige gol çekdi. Deňiz porty üç ýylyň dowamynda gurlar. Şeýle hem porta gazylyp alynýan peýdaly magdanlary daşamak üçin çekiljek ýoluň gurluşygyna 45 million dollar bölüp bermek göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Kanani Çafi: Günbatar Aziýa sebiti köpçülikleýin howpsuzlygy üpjün etmek üçin sebitleýin dostluga we hyzmatdaşlyga mätäç
Kanani Çafi: Terrorçylar erbet maksatlaryna ýetmediler
Oman sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklerde Eýranyň kanuny talaplarynyň üpjün bolmagyny goldady
Kanani: Talyban hökümeti Ymam Hüseýiniň(AS) ýasyny tutýanlaryň howpsuzlygyny üpjün etmeli
Eýran Gaza garşy hüjümi ýazgardy
Kanani: Sionistleriň Gazadaky jenaýatlarynyň garşysynda halkara jemgyýetçiliginiň dymmagy gynandyryjy