Ýeňijilere baýraklar gowşuryldy

Şu gün, 21-nji noýabrda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda çempionatymyzyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda bassyr ýedinji çempionlygyny gazanan Altyn Asyr topary Marynyň Energetigi bilen duşuşdy.

Birtaraplaýyn hüjümlere syrygan bu oýunda Altyn Asyr uly hasap bilen (6:0) üstün çykdy. Bu tapgyrdan soň Altyn Asyr utugyny 67-ä ýetirdi. 12 utugy bolan Energetik bolsa iň soňky, 8-nji orunda galdy.

Bu duşuşykda netijeli urgularyň dördüsini geçiren Altymyrat Annadurdyýew 35 goly bilen çempionatymyzyň iň köp top geçiren oýunçylarynyň arasynda öňdäki orny eýelemegini dowam edýär.

Bu oýnuň yzyzsüresi Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan çempion bolan topara sylaglary gowşuryldy. TFF-niň Baş sekretary Arslan Aýnazarowyň gatnaşmagynda geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda Altyn Asyr hem-de bu toparyň ýaşlar düzümi bolan Altyn Asyr II toparlaryna Kubok bilen birlikde medallardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýeri gelende bellesek, Altyn Asyr topary çempionatymyzyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda bassyr ýedinji çempionlygyny gazanmagy başarypdy.

Altyn Asyr II topary bolsa ikinji gezek geçirilen Ýokary liganyň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky birinjilikde ýeňiji bolmagyň hötdesinden geldi. Aziz Kambarowyň tälim berýän Altyn Asyr II toparynyň baş baýraga bassyr ikinji ýyl mynasyp bolýandygyny ýatladýarys.

Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynda üçünji orun ugrunda bäsleşýän Köpetdag Ahaldan (1:2), Şagadam bolsa Merwden (1:2) myhmançylykda üstün çykdylar. Gazanan bu ýeňişlerinden soň üçünji orny eýeleýän Şagadam 43, dördünji orunda ornaşan Köpetdag bolsa 40 utuk toplamagy başardylar.

Tapgyryň ýene-de bir duşuşygy Balkanabatda geçirilip, onda ýerli Nebitçi Aşgabatdan 2:3 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Aşgabat toparynyň (33 utuk) bäşinji orny eýelemegini dowam edýändigini ýatladýarys. 23 utugy bolan Nebitçi 7-nji orny eýeleýär.

Futbol çempionatymyzyň 27-nji tapgyrynyň duşuşyklary 25-nji noýabrda geçirilip, onda Köpetdag Şagadam, Nebitçi Merw, Aşgabat Altyn Asyr hem-de Energetik Ahal toparlary duşuşarlar.

26-njy tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

Altyn Asyr Energetik 6:0

Gollar: 41 Begenç Akmämmedow, 60 Mihail Titow, 70,79,84, 87 Altymyrat Annadurdyýew ("Altyn Asyr")

Duýduryşlar: G.Jumagulyýew, oýundan soň (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: Nusaý stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Ahal Köpetdag 1:2

Gollar: 16 Murat Ýakşiýew (“Ahal”) 57 Yhlas Saparmämmedow, 79 Şiri annaýew, 11 m.j.u. (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 10 Murat Ýakşiýew, 17 Ilýa Tamurkin, 63 Güýçmyrat Annagulyýew, 78 Mirza Beknazarow (“Ahal”) 90+4 Şazada Bäşimow (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: Aşgabat stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Merw Şagadam 1:2

Gollar: 33 Pirmyrat Gazakow (“Merw”) 58 Hydyr Ýakubow, 61 Yhlas Magtymow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 52 Amangeldi Saparow (“Merw”) 36 Hemra Amanmämmedow, 82 Musa Nurnazarow, 90+1 Aleksandr Klimenko, baş tälimçi (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: Sport toplumy stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Nebitçi Aşgabat 2:3

Gollar: 75 Alibek Abdyrahmanow, 90+3 Azat Garajaýew, 11 m.j.u. (“Nebitçi”) 43, 11 m.j.u, 87 Nazar Towakelow, 70 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 40 Muhammet Annaýew, 67 Daýanç Nuryýew (“Nebitçi”) 14 Döwran Hojamämmedow, 25 Nazar Towakelow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: Sport toplumy stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş)

Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Çempionatyň tablisasy XXVI tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

26

21

4

1

76-17

67

2.

“AHAL” FK

26

16

4

6

46-25

52

3.

“ŞAGADAM” FK

26

12

7

7

42-26

43

4.

“KÖPETDAG” FK

26

11

7

8

31-24

40

5.

“AŞGABAT” FK

26

9

6

11

33-43

33

6.

“MERW” FK

26

7

3

16

26-43

24

7.

“NEBITÇI” FK

26

7

2

17

29-57

23

8.

“ENERGETIK” FK

26

3

3

20

21-69

12

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň kubogy ― 2023: şu gün çärýek final duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy
Arslan Goşşanow Arkadag futbol toparynyň ilkinji resmi duşuşygynyň baş emini bolar
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
Kubok bäsleşigine badalga berildi:  “Arkadag” “Energetik”- 4:0
TÝL ― 2023: 8-nji aýlawyň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler