Ýeňil atletikaçylaryň nobatdaky ýeňşi

Ýakynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen ýeňil atletika boýunça halkara turnirinde türkmen türgenleri bir kümüş we iki bürünç medal eýelemegi başardylar. Watandaşlarymyz “ýekedaban zyňmak” we “4x400 metre ylgamak” görnüşleri boýunça tapawutlandylar.

Ýekedabany 65 metr 71 santimetr aralyga zyňmagy başaran Mergen Mämmedow ýaryşyň wise çempiony boldy. Braziliýanyň Rio-de- Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiada -2016-a gatnaşyjy Amanmyrat Hommodowyň görkezen netijesi topardaş türgeniňkiden 50 santimetr yza galdy. Şunlukda ol hormat münberiniň üçünji ornuna çykdy.

Şeýle hem zenanlaryň arasynda 4x400 metr estafeta ýaryşynda türkmenistanly türgen bürünç medala mynasyp boldy. Biziň toparymyzdan Walentina Meredowa, Ýelena Rýabowa, Güljan Aşyrmyradowa we Ýyldyzaý Gyşykowa bu aralygy 4 minut 22,05 sekuntda geçmegi başardylar.

Häzirki döwürde türkmen türgenleri Hindistanyň Bhubaneşwar şäherinde şu ýylyň 6-9-nyj iýuly aralygynda guralmagy meýilleşdirilýän ýeňil atletika boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler. Bu ýaryşlara dünýäniň 45 ýurdunda 800-den gowrak türgen gatnaşar.

Şu ýylyň 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary biziň türgenlerimiz üçin esasy waka öwrüler. Onuň maksatnamasyna ýeňil atletika boýunça bäsleşikler girizildi. Türkmen türgenleriniň geçen synag ýaryşlarynda gazanan üstünliklerini nazarda tutup, (44 medal) Aziada-2017-niň biziň türgenlerimiz üçin köpsanly ýeňişleri getirjekdigine ynam bildirýäris.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Halkyň hakydasyna siňen millilik atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi
Körpeleriň Aşyr dädesi
Körpeleriň Aşyr dädesi